Angliýanyň Keýni bar

3

Dünýä Kubogynda “L” toparçada çempionlygyň başga bir dalaşgäri Angliýa bilen Horwatiýanyň ýygyndylary duşuşyp, iňlisler 4-2 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Iňlisleriň gollarynyň 2-sini Harri Keýn geçirip, onuň milli topardaky pökgüleriniň sany 80-e ýetdi. Angliýanyň beýleki 2 goluny Bellingam bilen Reşford öz atlaryna ýazdyrdylar. Horwatiýanyň adyndan bolsa Baturina bilen Musa tapawutlandy.

Gana bilen Panamanyň arasyndaky oýunda ýeňiji 90-njy minutdan soň kesgitlenip, afrikalylar Kaleb Ýirenkiniň 90+5-nji minutda geçiren goly esasynda ýeňşini baýram etdi.

 

Angliýa – Horwatiýa: 4-2

Keýn 12 p, 42, Bellingam 47, Reşford 85 – Baturina 36, Musa 45+5

 

Gana – Panama: 1-0

Ýirenkýi 90+5