Beýleki ähli enjamlar ýaly, kompýuterler hem häzirki ýagdaýyna gelýänçä, dürli üýtgeşiklikleri başdan geçirdiler. “Xerox Corporation” kompaniýasynda işleýän Alan Keý “Dynabook” (iňlisçe: dynamic – hereketli, book – kitap) sözüni ilkinji gezek 1971-nji ýylda orta atypdy. Keý bu adalga bilen ýanyňda göterip bolýan we tora çatylan şahsy kompýuteri göz öňüne getiripdi. Emma şol döwürde şeýle harydy satyn aljak müşderi ýokdy. Sebäbi entek şahsy kompýuterleriň hem adamlar üçin gereklidigi ýa-da däldigi barada jedeller dowam edýärdi. Üstesine, ondan peýdalanmak üçin ýeterlik derejede infrastruktura hem taýýar däldi. 1981-nji ýylda “Osborne Computer Corporation” kompaniýasynyň hünärmeni Adam Osborn “Osborne 1” atly ýanyňda göterip bolýan ilkinji kompýuteri işläp düzýär. Ilkinji ýan kompýuter hasaplanýan enjamyň agramy 11 kilograma barabar. Daşky şekili balykgulagyň çanagy ýaly açylyp ýapylýan ilkinji ýan kompýuteri bolsa, Bill Moggrid oýlap tapýar. “GRiD Compass 1101” atly bu enjam 1982-nji ýylda satuwa çykarylýar. “Galivan Computer” firmasynyň 1983-nji ýylda öndüren enjamy sözüň doly manysynda dyzyň üstünde goýulýan ilkinji kompýuter hasaplanýar. Bu enjam şol wagta çenli öndürilen iň kiçi we ýeňil ýan kompýuter bolupdy.
“Compaq” kompaniýasy ýanyňda göterip bolýan kompýuteri öndürip, ondan uly girdeji almagy başaran ilkinji brend boldy. “Compaq Computer Corporation” şereketiniň “Compaq Portable” atly enjamy 1983-nji ýylda satuwa çykarylanda, kompýuter bazarynda gysga wagtda uly meşhurlyga eýe bolýar. Rod Kanion, Jim Harris we Bill Murto dagy 1982-nji ýylda “Compaq” şereketini esaslandyrýar. Şereketiň ilkinji ýan kompýuterine şol döwürler dünýäniň tehnologiýa ägirdi IBM-iňkiden başga, ýöne şoňka meňzeş ulgam oturdylypdyr. Şol döwürler kompýuter bazarynda IBM-iň näderejede täsirlidigi göz öňünde tutulanda, bu örän uly üstünlikdi.
“Compaq” bu kompýuterini satuwa çykaran ýyly örän uly girdeji gazanýar. “Compaq Portable”-dan soňky noutbuklar ozalkysyndan has ýuka we ýeňil bolup çykýar. Häzirki döwrümizdäki ýan kompýuterler bolsa, birnäçe millimetrden ybarat.