Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan metjit bilen tanyşdy

2

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Fizuli şäherine baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde Türkmenistanyň Azerbaýjana ynsanperwer sowgady bolan metjidiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, Fizuli şäherinde bina edilýän metjidiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.
Fizuli şäherinde bina edilýän metjidiň gurluşygyna 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanyň Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitiniň çäginde Milli Liderimiziň gatnaşmagynda badalga berilipdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan metjidiň gurluşygy «Aga-Gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar.