Holann Norwegiýany 1/16 finala çykardy

5

Gyzgalaňýly ýagdaýda dowam edýän 23-nji FIFA Dünýä Kubogynda toparçalardaky 2-nji duşuşyklarn tamamlanyp barýar.

“H” toparçada Norwegiýanyň ýygyndysy finalyň oýnaljak MetLife stadionynda Senegal bilen duşuşdy. Duşuşyk diýseň çekeleşikli geçip, ýewropalylar 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň 43-nji minutynda Markus Pederson hasaby açsa, 2-nji ýarymyň başynda, ýagny 48-nji minutda Erling Holann 2-nji goly geçirdi. 53-nji minutda Ismaila Sarr afrikalylary az-owlak umytlandyrsa-da, 58-nji minutda ýene-de Holann tapawutlanyp, aratapawudy 2-ä çykardy. Oýnuň 90+3-nji minutynda Ismaila Sarryň geçiren 2-nji goly Senegala ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.

Duşuşykda 2 gezek tapawutlanan norwegiýaly Erling Holanniň milli topardaky gollarynyň sany 59-a ýetdi. Ol 59 goly 52 duşuşykda geçirdi. Holann şu çempionatda 4 gol geçirip, Mbappe bilen 2-njiligi paýlaşýar. 1-nji orunda Messi bolup, ol 5 goly adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, Norwegiýanyň ýygyndysy 6 utuk toplap, 1/16 finala çykmagy başardy. Norwegiýanyň 1-nji ýeri eýeläp-eýelemejekdigi Fransiýa bilen geçirjek oýnunyň netijesine bagly.  Bu duşuşyk 25-nji iýundan 26-njy iýuna geçilýän gije oýnalar.