Ýene bir ýygyndynyň 1/16 finala çykmak mümkinçiligi galmady

5

Demirgazyk Amerikada dowam edýän 23-nji Dünýä Kubogynda 2-nji duşuşyklardan soň ýene bir ýygyndynyň 1/16 finala çykmak mümkinçiligi galmady. Mälim bolşy ýaly, Gaitiniň, Türkiýäniň, Tunisiň ýygyndylaryndan soň, ilkinji gezek wekilçilik edýän Iordaniýanyň hem ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligi aradan aýryldy.

“J” toparçada San Fransiskodaky Levi’s Stadium-da Alžir bilen duşuşan Iordaniýanyň ýygyndysy öňe geçendigine garamazdan, 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Duşuşykda Iordaniýanyň milli topary 36-njy minutda Al-Raşdanyň goly bilen öňe geçdi. Ýöne 2-nji ýarymda has erjel oýun görkezen alžirliler ilki 69-njy minutda Ahmed Benbualiniň goly bilen hasaby deňledi, soňra 82-nji minutda Ferid Guiriniň goly esasynda öňe saýlanmagy başardy. Netijede, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan Alžiriň ýygyndysynyň 1/16 finala çykmak mümkinçiligi dowam edýär.