Tokioda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

2

25-nji iýunda Tokioda Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Çärä Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary, Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, jemgyýetçilik-syýasy toparlaryň we ýapon kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem Ýaponiýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Dabarada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow, Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Eri Arfiýa we Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň täze başlygy Şinpeý Matsuşita gutlag sözlerini aýtdylar. Olar öz çykyşlarynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we Toşiaki Endonyň iki ýurduň arasyndaky döwletara we parlamentara hyzmatdaşlygyň ösüşine goşan uly goşandyny bellediler.
Soňra, Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Toşiaki Endo “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” ýadygärlik medalyny, ýadygärlik kümüş nyşanyny we degişli şahadatnamany gowşurdy.
Sylaglamak dabarasyndan soň, Toşiaki Endo söz sözläp, öz işine berlen ýokary baha üçin Türkmenistanyň Hökümetine, ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mundan beýläk-de tagallalary etjekdigini tassyklady.