Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlendi

2

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Duşuşyga iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew, gazak tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Apparatynyň ýolbaşçysy Galymjan Koýşybaýew ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, nebit-gaz, oba hojalygy, ylmy-tehniki hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar.
Iki döwletiň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklarynda durnukly oňyn ösüşiň gazanylýandygy bellenildi. Şeýle hem özara önüm üpjünçiliginiň möçberleriniň ep-esli artýandygy nygtaldy.
Hökümetara toparyň mejlisiniň çäklerinde türkmen-gazak işewürler forumy geçirildi. Oňa iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä Türkmenistandan öňdebaryjy 40-a golaý kompaniýanyň hem-de Gazagystanyň işewür toparlarynyň we ösüş institutlarynyň 100-den gowrak wekiliniň gatnaşandygy bellenildi.
Forumyň dowamynda gazak tarapy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly ugurlaryny hödürledi. Aýratyn-da, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk pudagy, farmasewtika we oba hojalyk önümçiligi ugurlarynda önümleriň üpjünçiligini ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Öz gezeginde türkmen işewürleriniň wekilleri gazak kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Çäräniň çäklerinde birnäçe anyk ylalaşyklar gazanyldy:
— «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkezi» paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Memorandumyna gol çekildi;
— elektron söwda ulgamynda gazagystanly «Silk Way Asia Trade» jogapkärçiligi çäklendirilen şereketi bilen türkmen kompaniýalary «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti we «Gamma» hususy kärhanasynyň arasynda ylalaşyklar baglaşyldy;
— maýa goýum-gurluşyk pudagynda «Ashra Solutions» TОО bilen «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk gol çekildi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, senagat kooperasiýasyny giňeltmegiň, sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.