Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän halkara maslahata gatnaşýarlar

2

22–28-nji iýun aralygynda Pekin şäherinde «Kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we Hytaý – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak» atly halkara seminar geçirilýär. Bu seminar Hytaý Halk Respublikasynyň Bütinhytaý Halk Wekilleriniň Ýygnagynyň Hemişelik Komiteti tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň wekilleri üçin guralýar.
Seminara Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, şeýle hem sebit ýurtlarynyň kanun çykaryjy edaralarynyň deputatlary gatnaşýarlar.
Seminara gatnaşyjylar parlament diplomatiýasynyň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki barha artýan ornuny bellediler. Şeýle çäreleriň kanun çykaryjylyk we parlament işiniň ugurlarynda öňdebaryjy tejribäni alyşmaga, ýaş nesil parlamentarileriň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem aýallaryň parlamentara hyzmatdaşlyga gatnaşygyny giňeltmäge ýardam berýändigi nygtaldy.
Seminaryň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili çykyş edip, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşini belledi.
Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy we hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alyp, täze mazmun bilen baýlaşýandygy nygtaldy.
Sebit derejesinde geçirilýän forumlaryň, duşuşyklaryň we seminarlaryň pikir alyşmak, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, parlamentara gatnaşyklary berkitmek hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigine aýratyn üns berildi.
Seminar Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaý Halk Respublikasynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmek we dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm meýdança boldy.