Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen duşuşdy

2

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, dürli ulgamlarda özara hereketleri giňeltmegiň, şeýle hem halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändigi tassyklandy.