Energiýanyň arassa çeşmelerden alynýan möçberiniň geçen ýyl rekord derejä ýetendigi mälim edildi. Täze gurlan desgalar arassa energiýanyň möçberini 5,15 terawata ýetirmäge mümkinçilik beripdir. Mundan ozal 2030-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 11,17 terewata ýetirilmegi maksat edinilipdi. Şeýlelikde, 2023-nji ýylda Dubaýda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjylaryň maslahatynda göz öňünde tutulan maksatnamada bellenilen möçberiň ýaryna golaýy eýýäm durmuşa geçirilipdir. Bu barada Bütindünýä gaýtadan dikeldilýän energiýa güni (22-nji iýun) mynasybetli ýaýradylan maglumatda bellenilýär.
Gün energiýasy 511 gigawat önümçilik kuwwaty bilen öňdeligi eýeleýär. Ikinji ýerde 159 gigawat bilen ýel energiýasy durýar. Bu iki çeşme arassa energiýanyň 97 göterimini düzýär. Galan möçberini bolsa, gidroelektrik, bioenergiýa, geotermal ýaly beýleki energiýa çeşmeleri emele getirýär.
Güljeren Babaýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









