«Xplorer Yachts» bilen «Norse Shipyard» kompaniýalary uzynlygy 106 metre barabar boljak ýelkenli gämini gurarlar. Gibrid ýangyçly ulag dizel hem-de elektrik hereketlendirijileri bilen hem üpjün ediler. Şeýle hem «Wind Voyage» atly tapgyryň çäklerinde uzynlygy 80-120 metr aralygynda boljak başga-da birnäçe gämiler gurlar. Bu taslamanyň çäklerinde az ýangyç sarp edýän suw ulaglarynyň öndürilmegi meýilleşdirilýär. Inženerler deňizlerde yzygiderli öwüsýän şemaldan has netijeli peýdalanyp, daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmagyň aladasyny edýärler.
Mundan ozal, 2022-nji ýylda uzynlygy 121 metr bolan, ýygnalýan ýelkenler bilen üpjün edilen «Canopée» atly äpet gämi ulanmaga berlipdi. Bu gämi şeýle suw ulaglaryny öndürmek üçin nusga bolmagynda galýar. Geçirilen tejribeler gäminiň ýangyjy tygşytlamakda gowy netije berendigini görkezdi.
PDF









