Aşhanalara we iýmit önümlerine baha berýän «TasteAtlas» platformasy dünýäniň iň gowy pomidorlarynyň sanawyny düzdi. Sanawda Italiýada ösdürilip ýetişdirilýän pomidorlar agdyklyk edýär. Gök önüm internet ulanyjylarynyň baha bermegi bilen saýlandy. Birinji ýeri «Pomodoro San Marzano» eýeledi. Wulkanik topraklarda ýetişýän, az çigitli we etli miwesi bolan bu görnüş pizza we makaron bişirilende ulanylýar. Gresiýanyň Santorini adasynda ösdürilip ýetişdirilýän «Tomataki Santorinis» sanawda ikinji bolupdyr. Maýda şekilli bu gök ekini hem gurak we wulkanik topraklarda ýetişýär. Italiýanyň Sisiliýa adasynda ekilýän «Pomodoro di Pachino» süýji tagamy sebäpli naharlaryň üstüne sepilýän huruşlarda has köp ulanylýar.
Daşky şekili hurma meňzeş bolan «Datterino» hem Italiýada ýetişýär. Bu ownuk pomidor suwly we süýji bolmagy bilen tapawutlanýar. Pomidoryň bu ýurda mahsus bolan «Costoluto Fiorentino» görnüşi hem uly we mese-mälim bolup duran dilimleri bilen tapawutlanýar. Bu gök önüm adatça terligine iýilýär.
«Piennolo del Vesuvio» atly görnüş Italiýanyň Wezuwiý wulkanynyň eteklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Salkym görnüşli pomidoryň gabygy galyň bolandygy sebäpli, uzak wagtlap zaýalanman saklanýar.
Şeýle hem sanawa «Cuore di Bue» (Italiýa), Aýaş pomidory (Türkiýe) giripdir.
PDF









