25-nji iýunda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Balkan welaýat kitaphanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, žurnalistleriň, şol sanda ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda “Emeli aňyň ösýän şertlerinde media ulgamynda täze mümkinçilikler” atly brifing geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen brifingde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyzyň durmuşyna döwrebap innowasiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny nygtadylar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çykyşlarynda türkmen kärdeşlerine Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli geçýändigi mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler hem-de onuň çäklerinde geçirilýän çäreleriň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Brifingiň dowamynda ilkinji gezek emeli aň esasynda taýýarlanan hem-de saz we ses serişdeleri bilen bezelen wideorolik görkezildi. Ol Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine bagyşlandy. Wideoroligiň emeli aňyň mümkinçilikleri bilen taýýarlanmagy we çärä gatnaşyjylara görkezilmegi duşuşygyň mazmunyna laýyk gelýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda emeli aňyň mümkinçiliklerinden işjeň we netijeli peýdalanmagyň usullary yzygiderli öwrenilýär. Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy baradaky meselä uly üns berilýär.
Brifingde Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi mynasybetli daşary ýurtly žurnalistleriň gutlaglary diňlenildi. Wideoşekiller arkaly görkezilen gutlaglarda daşary ýurtly kärdeşlerimiz ýurdumyzyň medeniýet hepdeligini gutlap, medeniýetiň we sungatyň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkidýändigini bellediler.

Brifing işjeň we netijeli häsiýetde geçip, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan çäreleriň hatarynda mynasyp orna eýe boldy.
PDF







