Demirgazyk Makedoniýada ýokary derejeli wekilleriň duşuşygy geçirildi

2

23–24-nji iýunda Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde Praga prosesiniň Ýokary derejeli wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu halkara çärä birnäçe daşary ýurt döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Bu maslahat Praga prosesiniň 5-nji Ministrler maslahatyna (Wilnýus, 2027-nji ýyl) taýýarlyk görmegiň Ýol kartasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde möhüm tapgyr boldy. Çäräniň dowamynda taraplar 2028–2032-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy babatda özara maslahatlaşdylar. Şeýle hem geçirilen söhbetdeşlikleriň dowamynda migrasiýa ulgamlaryny sanlylaşdyrmak we migrasiýa syýasatyny ösdürmek ýaly ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
Gullugymyzyň wekilleriniň migrasiýa meseleleri babatynda geçirilýän köp sanly halkara maslahatlara, duşuşyklara, forumlara we halkara çärelere işjeň gatnaşmagy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Çeşme: migration.gov.tm