Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşdylar

2

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri Beýik Britaniýanyň Liwerpul şäherindäki Liwerpul uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 22–25-nji iýuny aralygynda geçirilýän CDIO 2026 22-nji halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Maslahatyň esasy temasy «Talyplaryň hünär taýdan ösüşini kämilleşdirmek: bahalandyrmada we pikir-berişde innowasiýa» bolup, ol inženerçilik biliminde täzeçil bahalandyrma usullaryny, netijeli pikir-beriş ulgamyny we talyplaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek meselelerine bagyşlandy.
CDIO 2026 halkara maslahatyna dünýäniň 27 ýurdundan 71 ýokary okuw mekdebiniň 157 wekili gatnaşdy. Maslahat inženerçilik biliminde öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, innowasion okuw usullaryny ara alyp maslahatlaşmak we halkara akademik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy.
Halkara çärede Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri çykyş edip, uniwersitetde alnyp barylýan ylmy işler, kiberfiziki ulgamlar we häzirki zaman tehnologiýalary boýunça tejribelerini hödürlediler.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2023-nji ýylyň martynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinji bolup CDIO guramasynyň doly hukukly agzasy boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti