26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrigiň çäginde dokma önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň hasabyna dürli önümleri öndürmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýurdumyzda öndürilmegine we içerki bazarlary olar bilen üpjün etmäge, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, dokma senagatyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, döwrebap dokma kärhanalarynda ýokary hilli önümleriň öndürilýändigini belledi hem-de Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçiligi işe girizmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF









