Ýerleri we serhetleri anyklamak (demarkasiýa) işleriniň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň çäginde ýerleşen iki sany oba ähli ýaşaýjylary (takmynan 2500 adam) bilen resmi taýdan Gyrgyzystanyň düzümine geçirildi. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Askat Alagözowa salgylanyp, «Kabar» milli habarlar agentligi habar berýär.
Gyrgyzystanyň düzümine geçen Çongara we Taş-Tobo obalary ozal Özbegistanyň Fergana welaýatyna degişli bolup, olarda etniki gyrgyzlar ýaşaýar. Häzirki wagtda bu ilatly nokatlarda degişli hasaba alyş çäreleri geçirilýär, olar tamamlanandan soňra obalaryň ýaşaýjylaryna Gyrgyzystan Respublikasynyň raýatlygy berler. Öz gezeginde, gyrgyz tarapy hem bu obalaryň deregine Özbegistana serhetýaka zolagyndan meýdany boýunça deň gymmatly ýer böleklerini berdi.
Mundan başga-da, taraplar Saý obasyndan Taýan obasyna çenli awtomobil ýoluny gurmak maksady bilen, umumy meýdany 236 gektar bolan deň şertli ýer böleklerini çalşarlar. Şeýle hem, Gyrgyzystan Gazagystan tarapyna Tokmok şäheriniň golaýyndaky ýoluň 800 metrlik bölegi boýunça deň gymmatly ýerleri çalyşmak barada teklip ýollady. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Almatynskaýa köçesinden Kemin şäherine çenli uzynlygy, takmynan, 150 kilometr bolan tölegli awtomagistraly gurmaga mümkinçilik berer.
PDF









