Pikassonyň eseri Londonda 1,7 million dollara satyldy

2

Ýakynda Londonyň «Sotheby’s» söwda öýünde meşhur suratkeş Pablo Pikassonyň fotosuratçy Dora Maaryň şekillendirilen portreti 1,3 million funt sterlinge (1,7 million amerikan dollaryna) satyldy. Bu barada TASS agentligi habar berýär.
Deslapky bahasy 600-800 müň funt sterling aralygynda kesgitlenen bu eseri Pikasso 1936-njy ýylyň noýabr aýynda, Dora Maar bilen tanyşlygynyň ilkinji günlerinde döredipdir we ony özünde saklamagy üçin oňa sowgat beripdir. Surat 1997-nji ýyla eýesi aradan çykýança onuň öýünde saklanypdyr, soňra bolsa britaniýaly işewür Jo Lýuisiň gymmatbahaly kolleksiýasynyň bir bölegine öwrülipdir.
Iki günüň dowamynda geçirilen bäsleşikli söwdalarda Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan jemi 305 million funt sterlingden ($400 milliondan) gowrak bahadaky sungat eserleri ýerlenildi. Sungat eserleriniň taryhynda Ýewropada ilkinji gezek bir adama degişli bolan iň gymmat bahaly ýygyndy hökmünde hasaba alnan bu bäsleşikde, ilki garaşylan 200 million funt sterling çäklerinden hem ep-esli ýokary netije gazanyldy. Söwdalarda italýan suratkeşi Amedeo Modilýaniniň portreti kolleksiýanyň iň gymmat bahaly eseri bolup, ol 48,2 million funt sterlinge ($63,5 milliona) satyldy. Şeýle-de söwdada Klod Mone, Winsent wan Gog, Pýer Bonnar, Mark Şagal, Anri Matiss, Edgar Dega we Anri de Tuluz-Lotrek ýaly dünýä belli suratkeşleriň hem ajaýyp eserleri täze eýelerini tapdy.