Soňky ýyllarda Hindistan estetiki lukmançylyk we plastik hirurgiýa boýunça dünýäniň iň meşhur künjekleriniň birine öwrüldi. Halkara estetiki plastik hirurgiýa jemgyýetiniň (ISAPS) berýän maglumatlaryna görä, bu ýurt kosmetiki emeller we operasiýalar üçin daşary ýurtly näsaglaryň iň köp barýan dünýäniň onlugyna girýär. Bu barada Şwesiýanyň «Dagens Nyheter» neşiri habar berýär.
Hindistanyň bu ugurdaky özüne çekijiligi hyzmatlaryň bahasynyň deňeşdirilmede pesligi, lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hili, halkara tejribeli iňlis dilli hünärmenleriň barlygy we lukmançylyk syýahatçylygynyň ösen düzümi bilen düşündirilýär. Häzirki wagtda ýurduň gözellik pudagynyň bahasy 4 milliard dollardan gowrak diýlip kesgitlenýär we ýakyn ýyllarda bu görkezijiniň birnäçe esse artmagyna garaşylýar. Ýurduň klinikalaryna gelýän näsaglaryň arasynda ABŞ-nyň, Ýewropanyň, Afrikanyň we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ýaşaýjylary agdyklyk edýär. Olar diňe bir hirurgiki däl, eýsem botoks, lazer terapiýasy we filler sanjymlary ýaly hirurgiki däl emellerden hem işjeň peýdalanýarlar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu ugurdaky islegiň artmagyna durmuş ulgamlary uly täsir edýär. Şol bir wagtda, özüňi hemişe başgalar bilen deňeşdirmek adamlarda daşky sypatyňy kämilleşdirmek höwesini güýçlendirýär we degişli klinikalara ýüz tutýanlaryň sanyny artdyrýar. Muňa garamazdan, lukmanlar adamyň öz daşky sypatynyň kemçiliklerine aşa üns bermegi bilen bagly bolan psihologik bozulmalaryň (dismorfofobiýa) ýüze çykyp biljekdigini duýdurýarlar. Şol sebäpli jogapkärli klinikalarda näsaglaryň diňe bir fiziki saglygy däl, eýsem, amallara psihologik taýdan taýýarlygy hem barlanýar. Näsaglaryň köpüsi bolsa hirurglara gözellik idealy üçin däl-de, özlerini has ynamly duýmak üçin ýüz tutýandyklaryny belleýärler.
PDF









