Hytaýda elektroulaglara zarýad berýän beketleriň sany 22,5 milliondan geçdi

1

Hytaý Halk Respublikasynda elektroulaglar üçin niýetlenen zarýad beriş düzüminiň umumy sany şu ýylyň maý aýynyň ahyryna çenli 22 million 490 müň birlige ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 44,9 göterim ýokarlandy. Ýurduň Milli energetika müdiriýetiniň maglumatlaryna görä, bu görkeziji öý şertlerinde peýdalanylýan enjamlaryň geriminiň giňeldilmegi we çalt zarýad berýän jemgyýetçilik stansiýalarynyň döredilmegi netijesinde gazanyldy.
Häzirki wagtda Hytaý has kuwwatly zarýad beriş stansiýalarynyň gurluşygyny işjeňleşdirýär. Ýurduň awtomobil senagatyny ösdürmek meýilnamasyna laýyklykda, 2040-njy ýyla çenli täze energiýa çeşmeli ulaglaryň (NEV) önümçilik we satuw paýynyň 85 göterimden geçmegi, olaryň 80 göterimini bolsa diňe elektrik energiýasy bilen işleýän awtomobilleriň emele getirmegi meýilleşdirilýär.
Bulardan başga-da, geçen ýylyň oktýabr aýynda kabul edilen 2025–2027-nji ýyllara degişli üçýyllyk Hereketleriň meýilnamasyna görä, 2027-nji ýylyň ahyryna çenli ýurt boýunça zarýad beriş beketleriniň sanyny 28 milliona ýetirmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa 80 milliondan gowrak elektroulagyň zarýad sarp ediş islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.