Hindistan Respublikasynda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak ulgamy taryhy derejede ýokary sepgitlere ýetdi. Bu barada ýurduň habar beriş serişdeleri mälim edýär. Şunlukda, çagalaryň doly sanjym bilen gurşalmagy 87,1 göterime, hassahanalaryň şertlerinde dogulýan çagalaryň paýy bolsa, 90,6 göterime barabar boldy. Ýurduň 715 okrugynyň 679 müňe golaý hojalygyny we 700 müňden gowrak aýal-gyzlaryny öz içine alan Hindistanyň Maşgala saglygy baradaky 6-njy milli barlagynyň netijeleri dünýä derejesindäki statistika hem düýpli täsir edýär, çünki dünýä ilatynyň altydan biri edil şu ýurtda ýaşaýar.
Häzirki wagtda Hindistanda ilatyň 97,98 göterimi elektrik energiýasy, 96,5 göterimi arassa agyz suwy bilen üpjün edildi, saglygy ätiýaçlandyryş ulgamy bolsa ilatyň 60 göteriminden gowragyny öz içine alýar. Şeýle-de aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik-ykdysady mümkinçilikleri giňeldilip, olaryň 89 göterimi maşgala çözgütlerine işjeň gatnaşýar we bank hasaplaryndan peýdalanýar, 64,3 göterimi bolsa internet ulgamyny ulanýar. Gazanylan üstünlikler bilen bir hatarda, süýji keseli we ýürek-damar keselleriniň öňüni almak ýaly ugurlar entek çözülmeli möhüm wezipeleriň hatarynda galýar we bu ugurda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge aýratyn üns berilýär.
Esasy Dünýä täzelikleri Hindistanda eneleriň saglygyny goramak boýunça taryhy görkezijiler hasaba alyndy
PDF









