Dünýä Kubogynda “H” toparçada debýutant Kabo Werde bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky oýunda hasap açylmady. Hýustondaky NRG Stadium-da oýnalan bu duşuşykda gazanylan 1 utuk Kabo Werdeniň ýygyndysy üçin taryhy netije boldy. Bu deňlik Urugwaýyň hem Ispaniýadan utulmagynyň netijesinde olaryň indiki tapgyra çykardy. Şeýlelikde, 3 oýunda-da deňme-deň oýnan Kabo Werdeniň ýygyndysy toparçada Ispaniýadan soň 2-nji orny eýeläp, 1/16 finala adyny ýazdyrdy. Kabo Werdeniň ýygyndysy Dünýä Kubogynda şu asyra geçip, ýeke oýunda-da ýeňiş gazanman toparçadan çykan ilkinji topar hökmünde hasaba alyndy. Mundan öň soňky gezek 1998-nji ýylda Çiliniň ýygyndysy 3 deňlik bilen indiki tapgyra çykypdy.
Kabo Werdeniň ýygyndysy indiki tapgyrda soňky çempion Argentinanyň milli topary bilen duşuşar.
PDF









