Ne­bit eks­por­t edýän döw­let­le­riň gu­ra­ma­sy­nyň (OPEK) tä­ze ýol­baş­çy­sy­ny saý­la­mak ba­bat­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu gu­ra­ma­nyň baş sek­re­tar­ly­gy we­zi­pe­si­ne 3 da­laş­gär res­mi taý­dan ýüz tut­dy. Olaryň bi­ri In­do­ne­ziýa­­nyň ma­li­ýe mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Ma­hend­ra Si­re­gar. Bu ba­ra­da In­do­ne­zi­ýa­nyň Rus­si­ýa­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Wa­hid Sup­ri­ýa­di ha­bar ber­di.
Il­çi­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, In­do­ne­zi­ýa öz da­laş­gä­ri­ni hö­dür­le­di we bu örän go­wy müm­kin­çi­lik bo­lar. Ol ne­bi­tiň dün­ýä ba­za­ryn­da­ky ba­ha­sy­nyň eks­port ed­ýän döw­let­ler üçin amat­ly däl­di­gi­ni, onuň nyrhyna tä­ze­den se­re­dil­me­gi ba­bat­da In­do­ne­zi­ýa­nyň bel­li bir de­re­je­de tej­ri­be­si­niň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Şo­nuň üçin il­çi öz da­laş­gär­le­ri­niň bu we­zi­pe üçin my­na­syp­dy­gy­ny mä­lim et­di.
In­do­ne­zi­ýa­ly da­laş­gä­riň esa­sy bäs­deş­le­ri Ni­ge­ri­ýa­dan Mu­ham­med Bar­kin­do we We­ne­sue­la­dan Ali Rod­ri­ges. Ni­ge­ri­ýa­ly Bar­kin­do öz ýur­du­nyň Mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­na ýol­baş­çy­lyk et­di. 2006-njy ýyl­da OPEK-iň baş sek­re­ta­ry­nyň iş­le­ri­ni wagt­la­ýyn alyp bar­dy. We­ne­sue­la­ly Rodri­ges bol­sa, 2001-2002-nji ýyl­lar­da OPEK-iň baş sek­re­ta­ry bol­dy we öz ýur­du­nyň “Pet­ro­le­os de Vene­zue­la SA” mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­lyk iş­le­ri­ni ama­la aşyr­dy.
OPEK-iň hä­zir­ki ýol­baş­çy­sy Ab­dal­la Sa­lam al-Bad­ri­niň we­zi­pe möh­le­ti ge­çen ýy­lyň de­kabr aýyn­da ta­mam­la­nyp­dy, ýö­ne onuň ýe­ri­ne gör­ke­zi­len da­laş­gär­le­riň bi­ri­ni saý­la­mak ba­bat­da yla­la­şyk ga­za­nyl­mansoň, öň­ki baş sek­re­ta­ryň we­zi­pe möh­le­ti 2016-njy ýy­lyň iýun aýy­na çen­li uzal­dyl­dy.
OPEK gu­ra­ma­sy­nyň dü­zü­min­de 13 döw­le­t bar. Olar dün­ýä­niňň ne­bit önüm­çi­li­gi­niň üç­den bir bö­le­gi­ni eýe­le­ýär­ler. Ýö­ne 2 ýyl­dan bä­ri bu döw­let­ler ne­bi­tiň ba­ha­sy­ny kes­git­le­mek ba­bat­da bel­li bir ul­ga­my dö­ret­mek bo­ýun­ça yla­la­şyk ga­za­nyp bil­me­di­ler. Gu­ra­ma ag­za ýurt­la­r: Al­žir, An­go­la, Ek­wa­dor, Eý­ran, Yrak, Ku­weýt, Li­wi­ýa, Ni­ge­ri­ýa, Ka­tar, Sa­ud Ara­bys­ta­ny, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, We­ne­sue­la we In­do­ne­zi­ýa.