Nebit eksport edýän döwletleriň guramasynyň (OPEK) düzümindäki nebit önümçiliginde ikinji orunda durýan Yrak iýun aýyndan başlap, öz hyzmatdaşlaryna goşmaça 5 million barrel nebit eksportuny amala aşyrmagy maksat edinýär. Bu barada “Reýter” habarlar gullugy habar berýär.
Şeýlelikde, OPEK-iň 2-nji iyundaky Wena şäherindäki duşuşygynyň öňüsyrasynda Yrak eksportdaky paýyny ep-esli artdyrdy.
Geçen hepde “State Oil Marketing Organization” döwlet kompaniýasy ortaça, gije-gündiz hasabynda eksport möçberi 2,3 göterim artyp, 3,363 million barrele deň boldy.
“Reýter” gullugynyň habaryna görä, Saud Arabystany, Kuweýt, Eýran we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletler hem şu ýylyň üçünji çärýeginde nebit eksport möçberini artdyrmagy göz öňünde tutýar.
Russiýa Saud Arabystanyndan ozdurdy
Şu ýylyň mart aýynda Russiýa nebit önümçiliginde Saud Arabystanyndan öňe saýlanmagy başardy. Gündelik nebit önümçilik möçberi 10,9 million barrele deň boldy. Bu barada Russiýanyň Statistika edarasy habar berýär. Saud Arabystany mart aýynda her gün 10,12 million barrel nebit öndürdi.
Umuman, OPEK-ä agza döwletler mart aýynda bir gije-gündizde nebit önümçiligini 32,251 million barrele çykardy. Onda Yragyň paýy 4,199 million barrele deň.
Russiýa 2016-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 62 million tonna nebit we gaz kondensatyny eksport etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 4,4 göterim artyk.