Dünýä Kubogynda Kanadadan soň ýene bir ýer eýesi çempionat bilen hoşlaşdy. Meksikanyň ýygyndysy paýtagty Mehiko Sitidäki Estadio Azteca-da çempionlygyň dalaşgärlerinden Angliýanyň milli topary bilen duşuşdy. Duşuşyk howa şertleri sebäpli 1 sagat giç başlanyp, çempionatyň iň ýatdan çykmajak duşuşyklarynyň birinde öwrüldi. Angliýanyň ýygyndysynyň oýunçylary 40 ýyldan soň, Maradonyň ilki eli, soňra köpleri aldap geçiren gollary bilen utulan duşuşygyndan bäri ilkinji gezek Estadio Azteca-nyň ýaşyl meýdançasyna aýak basdy. Başgaça aýdyldan, iňlisler üçin bu stadiondaky soňky duşuşyk juda şowsuz tamamlanypdy.
Awstraliýaly Alireza Faganiniň eminlik eden oýnunda ilkinji 30 minutda ýer eýeleri has erjel oýun görkezdi. Ýöne 36-njy we 38-nji minutlarda Jud Bellingamyň 97 sekuntda geçiren gollary ýer eýeleri üçin garaşylmadyk waka boldy. 42-nji minutda Hulian Kuinýones geçirdilen gollaryň biriniň öwezini dolup, aratapawudy bir gola düşürdi.

2-nji ýarymyň başlarynda, has takygy, 54-nji minutda iňlisler meýdançada bir oýunçy kemeldi. Sag gyraky goragçy Žarrel Kuansaha emin Fagani VAR-yň duýdurmagyndan soň gyzyl kart görkezdi. Ýöne 60-njy minutda penaltini dürs uran Harri Keýn hasaby 3-1-e ýetirdi. 69-njy minutda emin Keýniň oýnuň düzgüni bozmagyndan soň bu gezek meksikanlaryň peýdasyna penalti urgusyny belledi. Ony Raul Himenes dürs urup, galan minutlar üçin toparyny umytlandyrdy. Ýöne 1 oýunçy kem oýnan hem bolsa, iňlisler hasaby saklamagy başardy.
Netijede, 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan Angliýanyň ýygyndysy bassyr 3-nji, umumylykda-da 11-nji gezek çärýek finala çykmagyň hötdesinden geldi. Bu olaryň Dünýä Kubogyndaky 35-nji ýeňşi boldy.
Dünýä Kubogyny 3-nji gezek guraýan ýeke-täk ýurt Meksika ýene-de çärýek finalyň bosagasyndan gaýdy. Mundan öň özlerinde geçirilen 2 çempionatda-da çärýek finala çykan meksikanlara şol başarnygyny gaýtalamak bu gezek başartmady. Şu çempionatda gol geçirtmezden ýeňiş gazanyp gelýän Meksikanyň ýygyndysy 1994-2018-nji ýyllar aralygyndaky 7 çempionatda 1/8 finala çykypdy. Geçen çempionatda olar toparçadan çykyp bilmändiler.
Angliýanyň ýygyndysy indiki tapgyrda Norwegiýanyň milli topary bilen Maýami Gardens şäherinde duşuşar.
PDF









