Geçen ýylyň tomsunda dünýä belli italiýaly hünärmen Karlo Ançelottini wezipä bellän Braziliýanyň milli ýygyndysy bassyr 6 çempionaty çempion bolmazdan tamamlady. Ähli Dünýä Kubogyna gatnaşan ýeke-täk ýygyndy Braziliýa 5 çempionlyk bilen bu ugurda rekordyň eýesidir. Olaryň çempionlyksyz geçen çempionatynyň sany ilkinji gezek 6-a ýetdi. Başgaça aýdylanda, Braziliýanyň çempionlyksyz geçjek ýyly azyndan 28 ýyla ýeter (2030).

Başdaky 5 çempionaty çempion bolmazdan tamamlanan Braziliýanyň ýygyndysy 1958-nji ýylda ilkinji çempionlygyny gazanýar. 1938-nji ýylda 3-nji, 1950-nji ýylda-da 2-nji orna mynasyp bolan Braziliýanyň ýygyndysy 1958-nji we 1962-nji ýyllarda yzly-yzyna 2 gezek Dünýä Kubogyny eýeleýär. 1966-njy ýylda toparçadan çykyp bilmese-de, 1970-nji ýylda iň arzyly kubok sambaçylaryň elinde 4-nji gezek ýokary göterilýär.
Braziliýa 4-nji çempionlygy üçin 24 ýyl garaşýar. Sambaçylar 1974–1978-nji ýyllarda ýarym finala çyksa-da, 4-nji we 3-nji ýer bilen oňňut etmeli bolýarlar. Ýagny 3-4-nji çempionlygyň arasynda 5 çempionaty altyn medalsyz tamamlaýar. 1994-nji ýylda gazanylan 4-nji çempionlyk, 1998-nji ýyldaky kümüş medal we 2002-nji ýyldaky 5-nji çempionlyk futbolyň iň öňdebaryjy ýurdunyň häzirlikçe iň soňky şowly, üstünlikli geçen, ýeňişlere beslenen ýyllary, döwri bolýar. 2014-nji ýylda ýarym finala çyksa-da, Germaniýadan taryhy hasap bilen utulmagy (7-1), janköýerlerde entekler ýatdan çykmajak sarsgyn döredýär.
2006-2010-njy we 2018-2022-nji ýyllarda çärýek finaldan yzyna gaýdan Braziliýanyň ýygyndysyna, ine bu gezek şol çärýek finala hem çykmak başartmaýar. Toparyň tälimçiligine çempionlyklar gazandyrsyn diýen umytlar bilen bellenen Karlo Ançelotti hem olaryň Dünýä Kubogyndaky şowsuz ýörişine häzirlikçe çäre bolup bilmeýär.
Braziliýanyň ýygyndysy soňky gezek 1990-njy ýylda 1/8 finaldan yzyna gaýdyp, çärýek finala çykyp bilmändi. Italiýadaky çempionatda Argentinadan 1-0 hasabynda utulypdy. Bu çempionatda-da Braziliýanyň çärýek finala çykmagyna 28 ýyldan soň Dünýä Kubogyna gatnaşan Norwegiýanyň ýygyndysy böwet bolýar.
Braziliýanyň milli ýygyndysy şu wagta çenli, 1914-nji ýylyň 20-nji sentýabryndan, ýagny Argentina bilen geçiren ilkinji oýnundan bäri 1070 duşuşyk oýnaýar. Braziliýanyň milli topary dünýädäki 211 ýygyndynyň 88-si bilen duşuşyk geçirýär. Braziliýanyň ýygyndysy şol 88 ýygyndynyň 87-sini azyndan 1 gezek ýeňýär. Ýöne diňe 1 topary – Norwegiýanyň milli ýygyndysyny henize çenli ýeňmek başartmaýar. Şu gezekki duşuşyk olaryň arasyndaky 5-nji oýun bolup, braziller skandiwlardan 3-nji gezek utulýar (2 deňlik). Dünýä Kubogynda 2-nji gezek asgyn gelen Braziliýa 1998-nji ýylda-da toparçada 2-1 hasabynda ýeňlipdi.

Braziliýanyň umumylykda Wengriýadyr Niderlandlar bilen geçiren duşuşyklarynda-da şol garşydaşlaryna garanyňda ýeňşi az. Wengriýa bilen geçirilen 6 oýnuň 2-sinde ýeňip, 3-sinde utulýar (1 deňlik). Niderlandlardanam 12 oýnuň 4-sinde asgyn gelip, 3-sinde ýeňýär (5 deňlik). Şol sanda Senegala garşy hem Braziliýanyň üstünligi ýok diýse bolar. 3 oýunda her topar 1 gezek ýeňiş gazanyp, 1 duşuşyk hem deňlikde gutarýar. Ýöne şu 4 ýygyndydan galan 84 topar bilen özara duşuşyklarynda garşydaşlaryna garanyňda ýeňşi köp bolan Braziliýanyň häzirlikçe ýeňip bilmedik ýeke-täk topary Norwegiýanyň ýygyndysy bolmagyny dowam edýär.
PDF









