Awstriýada geçirilen prezident saýlawynyň netijeleri belli boldy. “Ýaşyllar” partiýasynyň öňki baştutany Aleksander Wan der Bellen sesleriň 50,3 göterimi alyp, ýurduň täze baştutanlygyna saýlandy. Onuň garşydaşy Norbert Hofer 49,7 göterim ses alyp, ýeňlendigini boýun aldy. Bu barada ýurduň içeri işler ministri Wolfgang Sobotka habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, 6,3 million saýlawçynyň 72 göterimi prezident saýlawynyň ikinji tapgyryna gatnaşdy. 24-nji aprelde geçirilen saýlawda Aleksander Wan der Bellen garşydaşy Norbert Hoferden ep-esli yzda galypdy. Ýöne Wen der Bellen ikinji tapgyrda has köp ses alyp, ýurduň täze Prezidenti boldy.
72 ýaşyndaky Wan der Bellen ýokary okuw jaýynyň professory. Onuň kakasy Russiýanyň Pskow şäherinde dünýä inipdir. Soňra ol Estoniýa göçüp gidipdir, şol ýerde häzirki döwlet Baştutanynyň ejesi bilen tanşypdyr. Soňra olar 1940-njy ýylda Awstriýa göçüp gidipdirler we şol ýerde Aleksander Wan der Bellen dünýä inipdir.
Awstriýa federatiw respublikadyr. Ýurduň baştutany Prezident, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýolbaşçysy Premýer-ministrdir. Awstriýanyň Prezidenti 6 ýyllyk möhlete saýlanýar.