Ýewropa Bileleşigi 2018-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, galogen çyralary (gyzdyryjy çyralar) ulanmagy gadagan etdi. Ilkinji nobatda, bu gadaganlyk ýagtylyk üçin ulanylýan çyralary öz içine alar. Mundan başga-da, müşderilere galogen çyralaryň ýerine energiýa tygşytlaýjy çyralary satyn almak teklip edildi. Galogen çyralary ulanmakdan ýüz öwürmek her ýyl 15 million tonna uglerod galyndylaryň howa goýberilmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berer. Bilermenleriň aýtmagyna görä, galogen çyralar baha boýunça arzan, ýöne olaryň sarp edýän elektrik mukdary ýokarydyr.
“Philips” kompaniýasynyň hasabatyna görä, müşderiler energiýa tygşytlaýjy çyralar ulanmak arkaly her ýyl 124 funt sterling tygşytlarlar. Galogen çyralaryň ulanyş möhleti ortaça 2 ýyl, häzirki zaman çyralaryň möhleti 10-15 ýyl.
Ýewropa Bileleşigi energiýa tygşytlylyk syýasatynyň çäklerinde galogen çyralary ulanmagy gadagan etdi. 2012-nji ýylda Ýewropa ýurtlarynda galogen çyralary öndürmeklik bes edilipdi.
Aknur WELSAPAROWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.