Dün­ýä bel­li “Dis­neý­land” att­rak­si­on-dynç alyş mer­ke­zi­ne Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da tä­ze bäs­deş peý­da bol­dy. Hy­ta­ýyň iň baý adam­la­ry­nyň bi­ri Wang Žan­lin Nan­çan şä­he­rin­de gö­nü­den-gö­ni “Dis­neý­land”-a bas­deş bol­jak dynç alyş-mer­ke­zi­ni gur­dy. Bu ba­ra­da “The Gu­ar­di­an” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. “Wan­da Group” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gu­ran at­trak­si­on-dynç alyş mer­ke­zi üçin 3 mil­liard dol­lar sarp edil­di.
Şeý­le hem Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­rin­de-de ýe­ne bir iri dynç alyş mer­ke­zi gu­rul­ýar. Ol hem iýun aýyn­da ulan­ma­ga ber­ler. Onuň üçin 5,5 mil­liard dol­lar harç­lan­dy.
“Wan­da City” se­ýil­gä­hin­de Hy­ta­ýyň dynç alyş me­de­ni­ýe­ti­ni açyp gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len dür­li att­rak­si­on­lar ýer­leş­di­ril­di. Bu ýer­de 800 mil­li­on dol­lar sarp edi­lip, Hy­ta­ýyň mil­li däp-des­sur­la­ry­ny ta­nyş­dyr­mak üçin ýö­ri­te zo­lak­lar eme­le ge­ti­ril­di. On­da bam­buk aga­jy­nyň to­kaý­ly­gy, far­for­dan edi­len kä­se­li att­rak­si­on­lar, ägirt uly söw­da mer­kez­le­ri, ki­no­teatr­lar we myh­man­ha­na­lar bar.
“Wan­da Group” kom­pa­ni­ýa­sy Hy­ta­ýyň dür­li kün­jek­le­rin­de şeý­le dynç alyş zo­lak­la­ry­ny dö­ret­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu ugur­da olar “Univer­sal Stu­di­os”, “Dream­Works” we “Six Flags” ýa­ly ame­ri­ka­ly­la­ryň tas­la­ma­la­ry bi­len bäs­leş­ýär­ler.