Fransiýa bilen Ispaniýanyň arasyndaky duşuşyk sişenbeden çarşenbä geçilýän gije oýnalar. Dallasdaky AT&T Stadium-da oýnaljak duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar. Oýna salwadorly Iwan Barton eminlik eder. Bu onuň şu çempionatdaky 4-nji duşuşygy bolup, ol toparçalarda Türkiýe – Paragwaý, Ýaponiýa – Şwesiýa hem-de 1/8 finalda Şweýsariýa – Kolumbiýa duşuşyklaryna eminlik edipdi.

Fransiýa bilen Ispaniýanyň arasyndaky duşuşyklar yklymyň iň özüne çekiji oýunlary hasaplanýar. 1922-nji ýylyň 30-njy aprelinde ilkinji gezek duşuşan toparlar şondan bäri, 38 gezek özara güýç synanyşdylar. Ispaniýa 18, Fransiýa 13 gezek ýeňiş gazanyp, 7 oýun deňlikde tamamlandy. Gollarda ispanlaryň 71-44 görnetin üstünligi mese-mälim duýulýar. Iki toparyň ilkinji 4 duşuşygynda ispanlar 4-0, 3-0, 4-1, 8-1 hasaplar bilen ýeňiş gazanýar.

Iki topar Dünýä Kubogynyň çäginde 2-nji gezek duşuşarlar. Mundan öňki oýun 20 ýyl ozal, 2006-njy ýylda hasaba alnypdy. 1/8 finalda oýnalan şol duşuşykda Fransiýanyň ýygyndysy Riberi, Wieira hem-de Zidanyň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňipdi. Iki topar Ýewropa çempionatynda 5 gezek duşuşyp, hersi 2 oýunda ýeňiş gazandy. Şolaryň biri 1984-nji ýylyň finaly bolup, Fransiýa Platini we Belloneniň gollary esasynda üstün çykypdy.

Iki toparyň arasyndaky soňky duşuşyk UEFA Milletler Ligasy 2025-iň ýarym finaly bolupdy we 9 goluň geçirilen oýnunda Ispaniýa 5-4 hasabynda ýeňiş gazanypdy.