Ýa­po­ni­ýa­da 2016-njy ýy­lyň il­kin­ji ha­sy­ly bo­lan «ýu­ba­ri» sort­ly ga­wu­nyň iki sa­ny­sy auk­si­on­da sa­tyl­dy. Söw­da sa­tu­wy ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Hok­kaý­do ada­syn­da ge­çi­ril­di. Ga­wun­la­ryň ba­ha­sy 3 mil­li­on ýe­ne (27,23 müň dol­lar) deň bol­dy.
“Ji­ji” ha­bar­lar gul­lu­gy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, Ýa­po­ni­ýa­da ga­wu­nyň bu gör­nü­şi örän gym­mat­dyr. Na­rynç reňk­dä­ki ga­wun süý­ji ta­ga­my bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Ony Hons­ýu ada­sy­nyň Ama­ga­sa­ki şä­he­ri­niň söw­da mer­ke­zi­niň eýe­si sa­tyn al­dy. Ga­wu­nyň tä­ze eýe­si­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, ol. il­ki bi­len, ga­wun­la­ry söw­da mer­ke­zi­niň tekjesinde go­ýup, soň­ra in­ter­net ar­ka­ly auk­si­on­da sat­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.
Hok­kaý­do­da mun­dan ozal­ky re­kord 2008-nji ýyl­da goý­lup­dy. Şol ýyl ga­wun­lar 2,5 mil­li­on ýe­ne (tak­my­nan, 22,7 müň dol­lar) sa­ty­lyp­dy.
Ga­wu­nyň bu gör­nü­şi – “ýu­ba­ri şa ga­wu­ny” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Olar şar gör­nü­şin­de bo­lup, da­şy­nyň reň­ki açyk gök­dür. Ol örän gym­matba­ha­ly sow­gat ha­sap­lan­ýar. Onuň ha­sy­ly maý aýyn­dan sent­ýabra çen­li ýyg­nal­ýar. Her ýyl or­ta­ça, ga­wu­nyň bu gör­nü­şi­niň 4,3 müň ton­na­sy ýe­tiş­di­ril­ýär.