Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky FIFA Dünýä Kubogy finalynda jürlewük çaljak emin mälim edildi. FIFA taryhy finalda oýna adalatly çemeleşmegi sloweniýaly meşhur emin Slawko Winçiçe ynandy.

Oňa watandaşlary Tomaž Klançnik bilen Andraž Kowaçiç ýardam berer. Finalyň 4-nji emini bolsa iordaniýaly Adham Mahadme, oýnuň ätiýaçdaky emini-de Iordaniýadan Mohammad Al-Kalaf bolar.

46 ýaşyndaky Slawko Winçiç 2010-njy ýyldan bäri FIFA derejeli emini bolup, Katar 2022-de, şol sanda Ýewropanyň çempionatlarynda (2020, 2024) jürlewük çalypdy.

Winçiç şu çempionatda toparçalarda Braziliýa – Marokko, Iordaniýa – Alžir, 1/16 finalda-da Meksika – Ekwador duşuşyklaryna eminlik edipdi.

Eminleriň, esasan hem, Argentinanyň duşuşyklarynda käbir pursatlarda jedelli kararlary berendiklerini göz öňünde tutsak, futbol janköýerleri Slawko Winçiçden ýalňyşmazlygy, adalatly çemeleşmegi, gerek bolan ýagdaýynda-da VAR bilen işjeň hereket etmegi talap edýär.

Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky final duşuşygy ýekşenbe gününden duşenbe gününe geçilýän gije Nýu Ýorkuň golaýynda ýerleşýän 80 müň 663 orunlyk MetLife Stadium-da oýnalar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar. Duşuşykdan öň hem-de ilkinji gezek 30 minutlyk boljak arakesmede dünýä belli sungat işgärleriniň şou çykyşlary guralar.

Şeýle-de, Maýami Gardendäki Hard Rock Stadium-da Fransiýa bilen Angliýanyň arasyndaky oýna bolsa wenesuelaly Hesus Walensuela eminlik eder. Duşuşyk şenbeden ýekşenbä geçilýän gije 02:00-da başlanar.