Ýewropa sebitiniň iň çylşyrymly taslamalarynyň biri üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu sebitiň iri döwletleri – Şweýsariýa, Italiýa, Germaniýa hem-de Fransiýa ýaly ýurtlaryň çäklerinden geçýän Alp dagynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tunneli guruldy. 1-nji iýunda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen tunneliň açylyş dabarasyna Şweýsariýanyň Prezidenti Niklaus Şnaýder-Amman, Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland, Germaniýanyň Kansleri Angela Merkel we Italiýanyň Premýer-ministri Matteo Renzi dagy gatnaşdy.
57,1 kilometr uzynlygynda tunnel Alp daglarynda gurlup, ol Italiýa barýan ýoly ep-esli azaldar. Şweýsariýanyň Sýurih şäherinden Italiýanyň Milan şäherine 1 sagat 40 minutda baryp bolar. Umuman, bu tunnel Ýewropada syýahat etmäge-de ýeňillik döreder. Berlinden Milana çenli aralyk hem 2 sagada çenli azalar.
Gotard tunneliniň gurluşygy 17 ýyla çekdi. Onuň gurluşygy üçin takmynan, 11 milliard ýewro sarp edildi. Bu maliýe serişdelerini Şweýsariýanyň hökümeti öz üstüne aldy. Tunneliň gurluşygynda 2600 adam zähmet çekdi. Onuň gurluşygy döwründe inženerler köp sanly kynçylyklary başdan geçirdiler.
Sen-Gotard geçelgesi Sýurih bilen Lýusern şäherlerinden Şweýsariýanyň günorta bölegine tarap uzalyp gidýär. Tunneliň ulanmaga berilmegi bilen Sýurih bilen Lugano şäherleriniň arasyndaky wagt 100 minuta çenli azaldyldy. Sýurih bilen Italiýanyň Milan şäherleriniň arasyndaky wagt 3 sagat 40 minutdan 2 sagat 40 minuta geldi. Tunnelde otlularyň tizligini sagatda 250 kilometre çenli çykarmaga mümkinçilik bar. 1 sagatda her iki tarapa 2 ýolagçy we 5 ýük otlusynyň gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.