Dünýäniň awtoulag sportunyň muşdaklarynyň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan halkara ýaryşy — “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisiniň başlanýan güni ýetip geldi. 5 günüň dowamynda Fransiýa, Angliýa, Saud Arabystany, Belarus, Russiýa, Gazagystan we beýleki ençeme ýurtdan 80-den gowrak toparlar orta asyrlaryň iň bir naýbaşy şäheri bolan Amul galasyndan badalga alyp, Garagum sähralyklaryndan menziller aşyp, Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýaryşy tamamlarlar.
“Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi ýurdumyzyň myhmanlarynyň aňynda uzak wagtlap galjak we parahatçylygyň hem-de dostlugyň ilçisi hökmünde sportuň ösdürilmegine eziz Diýarymyzyň möhüm goşandy boljak iri ýaryşlaryň birine öwrüler. Şeýle halkara derejesindäki ýaryşlaryň biziň ýurdumyzda geçirilmeginiň sakasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hormatly Prezidentimiz dur. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçiriljek halkara ýaryşa ykjam taýýarlyk görüldi. Ol ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň gatnaşmagynda tutuş dünýäde mahabatlandyryldy. Şonuň netijesinde, bu awtorallä dünýäniň ençeme ýurdundan gatnaşmaga türgenleriň ençemesi isleg bildirdiler.
Umuman, ýurdumyzda sportuň ähli ugurlary bilen bir hatarda awtomobil sportuny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda sportuň bu görnüşini ösdürmek maksady bilen Awtomobil sporty federasiýasy döredildi. Awtomobil sporty boýunça milli ýygyndy toparymyzyň halkara awtoralli ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi we döredilýär.
“Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň we Awtomobil sporty boýunça milli federasiýanyň toparlarynyň 15-si ýurdumyza wekilçilik eder. Türkmen türgenlerine sürüjilik şahadatnamalary we milli Liderimiziň adyndan degişli lybaslar gowşuryldy. Türgenlerimiz şu ýylyň maý aýynda guralan saýlama tapgyry geçdiler.
Sanlyja günden badalga aljak “Amul – Hazar 2018” halkara rallisi birnäçe tapgyrdan ybarat bolup, Garagumuň çylşyrymly ýerlerinden geçer hem-de Hazaryň kenaryndaky ak mermerli Awazada tamamlanar. Rallä gatnaşyjylar Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklary, ajaýyp gözelligi, milli medeniýetiň özboluşlylygy we häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Milli Liderimiziň “Beýik Ýüpek ýoly” taslamasy diňe bir sport çärelerinden ybarat bolman, eýsem ýurdumyzyň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arabaglanyşygynyň mysalynda ýeten derejesini aýan etmekden hem ybaratdyr.
Şeýlelikde, Türkmenistandan rallä gatnaşyjylaryň atlary yglan edildi. Olar Muhammetmyrat Gurbanow, Şamyrat Gurbanow, Gurbanberdi Daňatarow, Rafael Gaýnulin, Merdan Toýlyýew, Şöhrat Toýlyýew, Ýolaman Abaýew, Arslan Karakulow, Begenç Annaýew, Mekan Amantaganow, Agamyrat Annaýew, Annageldi Sähetgurbanow, Süleýman Sa-hatow, Kerimberdi Rahmanberdiýew, Guwançmyrat Hommadow, Rejepniýaz Annaberdiýew, Kerim Öwezow, Baýrammyrat Annaýew, Parahat Garlyýew, Timur Mamedow, Begnazar Nurýagdyýew, Hojaguly Annamämmedow, Gaýgysyz Akmyradow, Mergennur Agaýew, Arslan Hommadow, Mergengeldi Öwlägulyýew, Meýlis Hydyrow, Çary Muhy-ýew, Mekanmyrat Populow, şeýle hem Normunds Meýmans, Wadim Şmaýlow we Zaharows Androw dagydyr.
Biziň toparlarymyz “Nissan Patrol”, “Mitsubishi L 200”, “Chevrolet”, “Toyota Hilux”, “Toyota Land Cruiser 200” kysymly awtoulaglarda, kwadrosikllerde we ýük awtoulaglarynda (MAN) çykyş ederler. Ildeşlerimize öňde boljak halkara ýaryşda üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!
Ralli ýaryşlarynyň abraýyny, dartgynlylygyny, ýaýrawyny has-da artdyrmak üçin her döwürde dürli-dürli aladalar edilýär. Ilki-ilkiler motosikl ýa-da ýeňil awtoulaglaryň arasynda geçirilip başlanan ýaryşlara soňlugy bilen, ýük ulaglary hem goşuldy. Soňky ýyllarda bolsa, ulaglaryň özboluşly görnüşi bolan kwadrosiklleriň arasyndaky ýaryşlar hem geçirilip başlandy. Aýratynam, oba hojalygynda peýdalanylýan bu özboluşly ulaglary köp ýurtda adatça, gara ýollarda sürmek bolmaýar. Sähralyklarda, baýyrlyklarda, ekin meýdanlarynda giňden peýdalanylýan bu ulaglaryň birnäçe görnüşi hem-de ady bar. Olara kwadrosikl, kwad, kwad motosikl, 3 tigirli, 4 tigirli hem diýilýär. Ähli ýerde, dürli şertlerde münmek üçin öndürilen kwadrosikllere aslynda umumylykda ATV diýlip, ol “all-terrain vehicle”, ýagny, dürli şertlerdäki ähli ýeriň ulagy, diýen manyny aňladýar. Kwadrosiklleriň arasyndaky ýaryşlar Dakar rallisinde ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirilip başlandy. Ondan ozal motosikller toparyna degişli bolan kwadrosiklleriň häzirki wagtda 2 görnüşi ýaryşlarda ulanylýar. Olar Dakar rallisinde 3-nji topara degişli bolup, birinjisinde (Group 3.1) 2 tigirli, ýeke silindirli, iň ýokary görkezijisi 750cc motorly kwadrosikllerdir. 2-nji topara (Group 3.2) 4 tigirli, 2 silindirli hem-de ýokary görkezijisi 900cc motorly kwadrosikller degişlidir. Dakar rallisinde 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän kwadrosikl ýaryşlarynda Ýaponiýanyň “Yamaha” şereketiniň toparyny owsarlap bilýän başga topar häzirlikçe ýok. Şeýle-de ýaponlaryň “Honda”, “Suzuki”, Kanada we ABŞ-nyň bilelikdäki “Can-Am”, ABŞ-nyň “Polaris” toparlaryny öňdebaryjy kwadrosikl toparlarynyň hatarynda görkezmek bolar.
“YAMAHA”. Ýaponlaryň motosikl, ýahta, gämi öndürýän dünýä belli kompaniýasynyň topary kwadrosiklleriň arasyndaky ralli bäsleşiklerinde öňde barýar. Ol Dakar rallisinde kwadrosiklleriň arasynda ýaryşlar geçirilip başlanany bäri çempionlygy elde saklap gelýär. Dakar rallisine gatnaşýan kwadrosiklleriň aglaba bölegi “Yamaha” toparynyň ulaglary bolup, bu ugurda iň esasy bäsdeşlik sürüjileriň arasynda geçýär. Başgaça aýdylanda, kwadrosiklleriň arasyndaky ýaryşda sürüjileriň arasyndaky bäsdeşlik öňe saýlanýar. “Yamaha” topary gazanan ýeňişleriniň hemmesini diýen ýaly “Yamaha Raptor 700” kysymly kwadrosiklleri bilen gazandy. 2009–2018-nji ýyllar aralygynda Dakarda gazynylan 10 çempionlygyň 5-sini doganlar – argentinaly sürüjiler Markos Patronelli (2010, 2013, 2016) bilen Alehandro Patronelli (2011, 2012) alyp berdi. Çilili sürüji Ignasio Kasale hem 2014-nji we 2018-nji ýyllarda “Yamahany” kwadrosiklleriň arasynda ýeňiş gazandyran sürüji boldy. Çehiýaly Ýosef Maçasek 2009-njy ýylda “Yamaha” ilkinji çempionlygy gazandyran sürüjidir. Ýapon toparyny 2015-nji ýylda polşaly Rafal Sonik, 2017-nji ýylda-da russiýaly Sergeý Karýakin çempion etmegi başardy. Bir söz bilen aýdylanda, kwadrosiklleriň arasynda “Yamaha” toparyna häzirlikçe taý tapylanok.
“HONDA”. Motosikl hem-de ýeňil awtoulag önümçiliginiň öňdebaryjylaryndan bolan ýapon şereketi “Hondanyň” bellärlikli çempionlygy ýok. Ýöne muňa garamazdan Dakar rallisinde yzygiderli ýagdaýda öňdäki orunlary eýeleýär. 1946-njy ýylda düýbi tutulan şereketiň adybir toparynyň sürüjileri soňky ýyllarda ilkinji 3-lige düşmegi başardy. Argentinaly Lukas Bonettonyň 2012-nji ýylda 7-nji, 2013-nji ýylda-da 4-nji bolmagy topar üçin uly üstünlik bolupdy. Ýöne gollandiýaly Sebastian Husseininiň 2013-nji ýylda 6-njy, 2014-nji ýylda 3-nji ýeri eýelemegi toparyň ýolbaşçylaryny has-da begendirdi. Hatda şol ýyl 3–4–5-nji hem-de 10-njy orunlary “Hondanyň” sürüjileri eýeläpdi. 2015-nji ýylda-da “Honda” topary boliwiýaly Walter Nosilia bilen ýene-de bürünç medal gazanypdy. Mahlasy, “Honda” topary Moto GP ýaryşlaryndaky ýaly ralli bäsleşiklerinde ilkinji orny eýeläp bilmese-de, hemişe sürüjileriň iň gowy onlugyna 3–4 piloty bilen girmegi başarýar.
“POLARIS”. 1954-nji ýylda ABŞ-nyň Minnesota ştatynda esaslandyrylan “Polaris” kompaniýasy snegohod – gar ulagy öndürmekde meşhurlyga eýedir. Şol birwagtyň özünde ýük daşamaga niýetlenen, tizligi ýokary bolmadyk kiçeňräk ulaglaryň (UTV) önümçiliginde-de tapawutlanyp başlady. Edil “Honda” ýaly “Polaris” topary-da çempion bolup bilmese-de, wagtal-wagtal öňdäki orunlary eýeleýär. 2010–2011-nji ýyllarda Kristof Deklerk topara 4-nji orny gazandyrdy. Topar soňky ýyllarda kwadrosiklleriň hatarynda däl-de, UTV ulaglarynyň arasyndaky ýaryşlara gatnaşyp başlady. Dakar rallisinde bu ýaryşlar 2017-nji ýylda ýola goýlup, ilkinji ýylynda-da braziliýaly sürüjiler “Polaris RZR 1000 XP” kysymly UTV görnüşleri bilen çempionlyk gazandy.
“CAN-AM”. Kanadanyň “Bombardier Recreational Products” atly şereketiniň “CAN-AM” topary-da soňky ýyllarda tanalyp başlady. Dakar rallisinde 2009-njy ýylda 2-nji ýeri (Markos Patronelli), 2010-njy ýylda 8–9–10-njy orunlary, 2011–12-nji ýyllarda 8-nji we 10-njy, 2013-nji ýylda 5-nji (Sebastian Palma), 2015-nji ýylda 7-nji hem-de 10-njy ýerleri eýeledi. 2018-nji ýylda bolsa, UTV ulaglarynyň arasynda braziliýaly sürüjileri bilen çempionlyk gazanmagy başardy.
“SUZUKI”. Mundan 109 ýyl ozal döredilen ýapon awtomobil şereketi “Suzuki” häzirki wagtda ulaglaryň ähli görnüşini diýen ýaly öndürýär. Kompaniýanyň ralli ýaryşlarynda ýatda galan ýeňşi ýok diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Ýöne muňa garamazdan, topar ralli bäsleşiklerine kwadrosiklleri bilen yzygiderli gatnaşýar. 30-a golaý kwadrosikl görnüşini öndürýän şereketiň adyndan çykyş eden ispaniýaly Karlos Kawendanýo 2009-njy ýylda Dakar rallisinde 6-njy orny eýeläpdi.
Hajymyrat Söýünow,
sport žurnalisti.