Hemmeler gowy bilim almaga isleg bildirýärler. Ene-atalar çagalarynyň has gowy bilim almagy ugrunda alada edýärler. Munuň üçin olaryň käbiri iň gowy mugallymlary saýlap alýar, käbiri bolsa, başga ýurda göçmek bilen, çagalarynyň kämil bilimli bolmagy üçin hiç bir zady gaýgyrmaýar. Aziýa we Skandinawiýa ýurtlary bilim babatda has ösen ýurtlar hasaplanýar. Dünýäde bilim ulgamynda ösen ýurtlaryň we olaryň döwlet býujetinden bilim pudagy üçin sarp edilýän serişdeler barada maglumat bermegi makul bildik.
1Günorta Koreýa – Ýaponiýa bilen Günorta Koreýa bilim ulgamyndaky sanawda birinjiligi eýelemek üçin hemişe bäsdeşlik edýärler. Ýöne entek Günorta Koreýa Ýaponiýanyň bilim ulgamyna has köp maýa goýum goýýandygyna garamazdan, öňdeligi eýeleýär. Bu ýurtda okuwçylar hepdede 7 gün mekdebe gatnaýarlar. 2018-nji ýylda döwlet býujetinden bilim pudagyna 429 trillion won (382,6 mlrd $) möçberinde serişde gönükdirmek teklip edildi. Bu görkeziji 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 7,1 göterim köp. Geçen ýyl 400,5 trillion won möçberinde serişde goýberilipdi. Ýurtda sowatlylygyň derejesi 97,9 göterim.
2Ýaponiýa – bu ýurt tehnologiýa babatda ösen ýurt. Ýaşlar bu ugurda bilim almak üçin Ýaponiýany saýlap alýarlar. Bu ýurtda nazary we amaly bilim çuňlaşdyrylyp öwredilýär. 2018-nji ýylda bilim pudagy üçin 5 trillion ýen (35,6 mlrd $) serişde goýbermek göz öňünde tutuldy.
3Singapur – bu ýurt başlangyç bilim ulgamynyň has güýçlüdigi bilen meşhurdyr. Şonuň üçin Singapur dünýäniň bilim ulgamynda ösen ýurtlaryň sanawynda üçünji orny eýeleýär. 2017-nji ýylda ýurduň hökümeti döwlet býujetinden bilim ulgamy üçin 12,7 milliard singapur dollaryny goýberdi.
4Gonkong – mekdep bilim ulgamy Beýik Britaniýanyň bilim ulgamyna örän meňzeşdir. Başlangyç, orta we ýokary bilim derejesi halkara derejesinde örän ýokary sepgitlere eýedir. Hytaý we iňlis dilinde bilim berilýär. Ýurduň sowatlylyk derejesi 94,6 göterim. 2017–2018-nji ýylyň döwlet býujetinden 88 507 million gonkong dollary möçberinde maliýe serişdeleri bilim pudagynyň ösüşi üçin gönükdirildi.
5Finlýandiýa – bilim ulgamy iň kämil ýurtlaryň biri hasaplanýar. Ýöne Aziýa ýurtlaryndan yzda galýar. 2016-njy ýylda bilim ulgamynyň ýyllyk býujeti 13063 million ýewro deň boldy.
6Beýik Britaniýa – Birleşen Patyşalykda bilim ulgamy her sebitde özbaşdak hereket edýär. Şotlandiýa, Angliýa, Uels we Demirgazyk Orlandiýa özbaşdak bilim ulgamyny kämilleşdirýär. Ýöne bilermenleriň baha bermegine görä, Beýik Britaniýanyň bilim ulgamy Ýewropanyň iň öňdebaryjylarynyň biridir. 2017-nji ýyl boýunça bilim ulgamynyň ýyllyk býujeti 84,9 milliard funt sterlinge deň boldy.
7Kanada – bu ýurtda bilim iňlis we fransuz dillerinde berilýär. Sowatlylyk derejesi örän ýokary bolup, 99 göterime deňdir. Hökmany bilim 16 ýaşa çenli bolup, ýurduň diňe 2 welaýatynda 18 ýaşa çenlidir.
8Gollandiýa – Ýewropada iň gowy bilim ulgamyna eýe bolan ýurtlaryň biridir. 17 million ilatly ýurtda birnäçe dilde bilim berilýär. Başlangyç synplarda daşary ýurt dillerini öwrenmek ýola goýlupdyr. Sowatlylyk derejesi 94 göterimdir.
9Irlandiýa – sowatlylyk derejesi 99 göterime deňdir. Başlangyç we orta mekdeplerde bilim mugt. Ýewropa Bileleşiginiň talyplary Irlandiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin pul tölemeli bolýarlar. Irlandiýanyň hökümeti her ýyl bilim ulgamyna 8,759 milliard ýewro möçberinde serişde gönükdirýär.
10Polşa – ýurduň Bilim ministrligi bilim pudagyna degişli ähli meselelere gözegçilik edýär. Ýewropanyň iň gowy bilim ulgamyna eýe bolan Polşa dünýäde birinji onluga girýär. 2017-nji ýylda diňe ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin 16 milliard zlot (ýerli pul birligi) möçberinde serişde gönükdirildi.
Ýeňiş MAMMOWOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.