«iPhone» smartfonlaryny öndürmegi bilen tanalýan «Apple» kompaniýasynyň bazar bahasy ilkinji gezek 5 trillion dollardan geçdi. Şeýlelikde, «Apple» korporasiýasy «Nvidia» kompaniýasyndan öňe geçip, bazar bahasy boýunça ýene-de dünýäde birinji orny eýeledi. Tehnologiýa ägirdiniň paýnamalary «Nasdaq» biržasynda 1,8% gymmatlap, 342,89 dollara ýetdi. Bilermenler paýnamalaryň bahasynyň 340,43 dollardan ýokarda saklanan ýagdaýynda 5 million dollarlyk sepgitde galjakdygyny belleýärler.
«Nvidia» kompaniýasy şu ýylyň 14-nji maýynda 5,7 trillion dollar bazar bahasy bilen rekord goýupdy. Emma şondan bäri 1 trillion dollara golaý gymmatyny ýitirdi. Soňky ýagdaýa görä, dünýäde ilkinji bäşlige «Alphabet» (4 trillion dollar), «Microsoft» (2,89 trillion dollar) we «Amazon» (2,49 trillion dollar) kompaniýalary girýär. Kompaniýalaryň arasyndaky bu üýtgäp durýan liderlik ýagdaýy tehnologiýa pudagyndaky maýa goýum ugurlarynyň we birža nyrhlarynyň üýtgemegi bilen düşündirilýär.
PDF









