Hormatly Prezidentimiziň okyjylar köpçüliginiň çuňňur söýgüsine mynasyp bolan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda dost-doganlygy pugtalandyrmak babatda alyp baran işlerine mynasyp baha berilýär. Kitapda dünýä giňişligine uzaýan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan güneşli ýurdumyzyň binagärlik nusgalary, el işleri, amaly-haşam sungaty, ylym-bilim ojaklary, bol harytly bazarlary we dürli gymmatlyklary bilen dünýä halklarynda çuňňur gyzyklanmalary döredendigi beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň içinden ylym-bilimiň çeşmesi bolan kitap okamak, gözýetimi giňeltmek hakdaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Kitabyň sahypalarynda bu barada gadymy türkmen alymlarynyň durmuşy bilen baglanyşykly rowaýatlardyr hekaýatlar getirilýär. Dünýäniň iň çylşyrymly meselelerini kitabyň – ylym-bilimiň üsti bilen çözüp bolýandygy nygtalýar.
Kitabyň girişinde turuwbaşdan şu jümleler okyjynyň ünsüni özüne çekýär: “Türkmenleriň kitaba, paýhas-parasada goýýan hormaty aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada akyldar Magtymguly Pyragy “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýýär. Çünki kitap okaýan adamyň ýüregi mähir-muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden püre-pür bolýar. Kalp päkligi, paýhas kämilligi, dil we duýgy baýlygy umman ýaly hazyna öwrülýär. Okamaýan adam bolsa, ruhy garyplykdan ejir çekýär”. Hut şoňa görä-de, parasatly ata-babalarymyzyň ýaş nesillerimizi rowaýatlardyr hekaýatlary we tymsallary aýdyp bermek arkaly terbiýeländikleri hem bellenilip geçilýär.
Hormatly Prezidentimiziň eserinde kitap okamagyň peýdasy hakynda beýan edilýän rowaýatlardyr hekaýatlar ýatda galyjylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hekaýatlaryň biri hormatly Prezidentimiziň heniz oglanka okamagyň sogaby hakyndaky eşiden gürrüňi gyzykly beýan edilýär. Ol hekaýatda hiç işi ugrukmaýan bir adam hakynda gürrüň berilýär.
“Bir adamyň hiç işi ugrukmaýan eken. Gije-gündiz tagat-ybadata berilse-de, yhlasy kem düşýärmi ýa-da nesibesi duşanokmy, garaz, hiç işi ugruna bolubermändir. Ahyry ol öz döwrüniň meşhur alymlarynyň biri, dili dogaly ulama Muhammet al-Abywerdiniň ýanyna baryp, başyny alan bu müşgülliklerden halas bolmagyň alajyny sorapdyr. Alym onuň iň soňky gezek haçan sadaka berenligi bilen gyzyklanypdyr. “Özümi zordan ekleýän. Gün-güzeranym ýabygorly. Elimiň uzadan ýerime ýetmegi beýlede dursun, hat-da ýekeje lukmany arkaýyn agzyma ýetirip bilemok, bu ýagdaýda nädip, sadaka bereýin?!” diýip, ýere bakypdyr. “Ýeri bolýar, onda iň soňky gezek haçan ýagşylyk etdiň?” diýip, alym ýene-de oňa sowal bilen ýüzlenipdir. “Öz derdime başagaý bolup ýörşüme, özgelere ýagşylyk etmek pikiri asla kelläme gelmändir” diýip, ýigit göwünli-göwünsiz dillenipdir. “Ýeri bolýar, mundanam geçeli, onda iň soňky gezek haçan kitap okadyň?” diýip, alym sorapdyr. “Kitaby soňky gezek elime alanyma ýyl ýarym bolandyr” diýip, ýigit bu gezek kanagatlanarly jogap beripdir. “Baý-bo-ow, heý, beýle-de bir zat bolarmy? Adam üç günläp kitap okamasa, onuň ýüregi poslap başlaýar. Onsoň, ol adam hiç bir şowlulygy hem, gowulygy hem görüp ýa-da duýup bilmeýär. Atalarymyzyň aňymyza guýan şeýle öwütleri bar: Eger bir işiňiz ugrukmasa, şu üç işi: ýagdaýyň boldugyndan sadaka bermegi, başardygyňdan ýagşylyk etmegi we kitap okamagy berjaý ediň. Ana, şondan soň işiň ugrugyp gidişine haýran galarsyň” diýip jogap beripdir”. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyndaky şu hekaýatyň mazmunyndan görnüşi ýaly, kitap okamak, ylym-bilimiňi artdyrmak hem sogap hem zeruryýet hasaplanýar.
Mälim bolşy ýaly, kitaplar dürli döwürlerde türkmen topragynyň ähli ýerine ýaýrapdyr. Dünýä ylmyndan söhbet açýan kitaplar adamlaryň ruhy dünýäsiniň ösüşine ýardam edipdir. Dürli ugurlardan baş çykarmaga hemaýat edipdir. Kitabyň “Gadymy Merw” diýip atlandyrylan ikinji bölüminde bu hakda şeýle setirler bar: “Birwagtlar Türkmenistanyň çäginde göçme kitaphanalar bilen birlikde Nusaý patyşalygynda, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda, şeýle hem Gadymy Merwde iri kitaphanalar hem bolupdyr. Kitap ýükli kerweni bolan kerwenbaşy hatyrjemligi elden bermändir. Çünki, kitabyň bahasy altyn-kümüşden-de has ýokarda bolupdyr”.
Görnüşi ýaly, kitabyň, ylym-bilimiň güýji ähli döwürlerde islendik zatdan ýokary bolupdyr. Milli Liderimiz “Köp ýaşan köp bilmez, köp okan köp biler” diýen pähimden ugur alyp, ýurdumyzda ylym we bilimi, adamlaryň aň-düşünjesini ösdürmek üçin möhüm ähmiýeti bolan kitaphana ulgamyny has-da kämilleşdirmäge geljekde hem döwletimiz tarapyndan uly üns beriljekdigini belleýär.
Goý, dürdäne setirleri bilen adamzat paýhasynyň ösmegi üçin taýsyz tagallalary edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Babageldi ISMAILOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.