Gonkong şäherinde geçirilen söwda satuwynda 300 müň dollara aýallaryň göterýän el torbasy satyldy. Gimalaý krokodiliniň derisinden öndürilen “Hermes Birkin” el torbasy şu wagta çenli iň ýokary baha satylan haryt hökmünde taryha girdi. Bu barada “Christie`s” auksion öýi habar berýär. Ol gymmat bahaly daşlar bilen bezelipdir.
– “Hermes” kompaniýasynyň öndüren el torbasyndaky gymmat bahaly daşlar örän seýrek duş gelýär. Gimalaý krokodiliniň derisi bolsa, başga hiç zat bilen deňeşdirip bolmaz – diýip, “Christie`s” auksion öýi habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, her ýyl bir ýa-da iki sany şeýle el torbasy taýýarlanýar. Bu gezekki el torbasyny aziýaly bir kolleksioner satyn aldy. Bu haryda baha 194 müň dollar bilen 259 müň dollar arasynda baha kesilipdir.