Gazagystan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň astynda optik süýümli aragatnaşyk liniýasyny çeilýär. Suwasty kabeli geçirmek işlerini howa şertleri amatly bolan ýagdaýynda 15-20 günüň içinde tamamlamak göz öňünde tutulýar. Aktau we Baku şäherleriniň arasyndaky bu sanly ulgamyň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli doly ulanyşa berilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Gazagystanyň Emeli aň we sanly ösüş ministrligi habar berýär.

Mundan öň Hytaýdan Kuryk portuna getirilen optiki kabel hem-de umumy agramy 600 tonna deň bolan üç sany iri kabel sebedi ýöriteleşdirilen logistika gämisine ýüklenip, Baku şäherine ýetirildi. Häzirki wagtda optiki kabel gämidäki ýörite gaplara doly ýüklendi. Şunlukda, gämi Baku portundan çykyp, Aktau portyna çenli deňziň düýbünden kabel geçirmek işlerine girişdi.