Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige sebitiň şäherlerinde we etraplarynda bolan deslapky gözden geçirilişlerde öňe saýlanan estrada aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy.

Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada ýagty yşyklar bilen öwşün atýan giň sahna höwesjeň ýaşlaryň, täze zehinleriň hoş owazyna gurşaldy. Bu bäsleşige taýýarlykly gelen ýaş zehinleriň ýerine ýetiren halk heňleri, beýik döwrümizi wasp edýän estrada aýdymlary sungat muşdaklarynda aýratyn täsir galdyrdy. Giň sahnada aýdym-sazlaryň hoş owazy belentden ýaňlandy.

Emin agzalary aýdymlaryň saýlanyp alnyşyna, ýerine ýetirilişine, aýdymçylaryň sahnada özlerini alyp barşyna, aýdymyň sözlerini dürs aýdyşlaryna aýratyn üns berdiler.

Nurana döwrüň şirin owazy bilen görklenen bäsleşigiň jemi jemlendi. Akdepe etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Röwşen Kakaýew hem-de Şabat etrap medeniýet merkezinden çeper höwesjeň Wepa Ýazmyradow halk heňlerini, estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijilik ussatlygy, ýakymly labzy, hoş owazy bilen öňe saýlandylar. Olar, degişlilikde, birinji we ikinji orny eýelediler hem-de bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle uly bäsleşikleri geçirmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga mümkinçilik döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan alkyşly sözler şirin owazlara sazlaşyp, belentden ýaňlandy.