7-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Säheriň sergin çagynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Bu bolsa adamlaryň şähdini açyp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Hazar deňziniň kenarynda-da ýokary ekologiýa derejesini saklamak boýunça amala aşyrylýan işler oňyn netijesini berýär.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenjiň dowamynda soňky ýyllarda keşbi tanalmaz derejede özgeren Awazanyň ajaýyp gözelliklerini synlady. Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi netijesinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy halkara maslahatlaryň, forumlaryň, beýleki çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şonuň bilen birlikde, deňiz kenarynda sport çäreleriniň hem yzygiderli guralýandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgeleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, milli hem-de ählumumy derejede durnukly ösüşiň wajyp ugry hökmünde ekologik abadançylygy üpjün etmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu ýörelgeler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işlerde-de öz beýanyny tapýar. Syýahatçylyk we şypahana zolagynyň ähli çäklerinde arassaçylygyň, ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilmegine zerur üns berilýär. Bu bolsa Awazanyň syýahatçylyk hem-de şypahana zolagy hökmündäki ähmiýetini artdyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz welosipedli ýörişiň dowamynda Hazar deňziniň giňişligini synlady. Deňziň asuda tolkunlary çarlaklaryň owazy bilen utgaşyp, ynsan kalbynda täsin duýgulary döredýär. Bu künjegiň hoştap howasy deňziň kenarynda, Awazanyň tutuş çäginde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanýandygyny we bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelendigini äşgär edýär. Syýahatçylyk zolagynyň çäginde döredilen tokaý zolaklary, seýilgähler Hazaryň kenarynyň esasy bezegine öwrülen dürli maksatly binalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.

Hazaryň kenarynda döredilen tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar, sagaldyş-bejeriş bölümlerini öz içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin niýetlenen kottejler ýylyň ähli paslynda ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Köpugurly sport toplumlarydyr meýdançalar türgenleşikleri geçirmek, halkara ýaryşlary guramak babatda ähli zerur şertleri özünde jemleýär.