«Nature Communications» žurnalynda çap edilen ylmy barlaglaryň jemlerine görä, alymlar gaty berk suwasty ýelim döretdiler. Ol suwda tiz gatamak bilen, birnäçe ýyllap berkligini saklaýar, eger gerek bolsa, ony birnäçe gezek goparyp hem-de gaýtadan ýelmäp bolýar.

Täze ýelime BP16TPB diýlip at berildi. Alymlar adaty ýelimden tapawutlylykda, onuň düzümine dimetilsulfoksid goşdular. Suw bilen galtaşanda, ýelim çyglyga garşy syk bolýar.

Keramikada, epoksid şepbiginde we plastikada geçirilen synaglar täze serişdäniň bary-ýogy 10 sekuntdan soňra suwuň astynda ýokary derejede ýelmeşýändigini görkezdi. Onsoňam ýelim üç ýyldan hem köp wagtlap yzygiderli suwuň astynda bolmak bilen, 2 kilogram agramy götermegi başardy.

Alymlar täze ýelimi suwasty binalarda abatlaýyş we hyzmat ediş işleri geçirilende peýdalanyp boljakdygyny aýdýarlar.