Germaniýada 15-24 ýaş aralygyndaky ilatyň umumy ilatyň içindäki paýy 10 göterime çenli azaldy. Ýaşlaryň arasynda bolsa, migrantlaryň sany artdy. Ýurduň Federal statistika edarasynyň maglumatyna görä, 2020-nji ýyldan bäri ýaş ilatyň azalýar. Ýurduň ýaşaýjylarynyň 8,3 milliony 15-24 ýaş aralygyndaky ilata degişli. Ýaşlaryň sany ýurduň sebitlerine görä he tapawutlanýar. Esasan gündogar sebitlerde ýaşlaryň sany umumy ilata görä, has azlyk edýär. Brandenburgda ýaşlaryň sany 8,8 göterim bolsa, Maklenburg-Günbatar Pomeraniýada (Mecklenburg-Vorpommern) we Saksoniýa-Anhaltda 9,1 göterime ýetýär. Ýurduň demirgazygy ýaşlaryň sanynyň iň köp ýaşaýan ýeri hasaplanýar. Bremende 11,1%, Hamburgda 10,5%, Baden-Wýurttembergde 10,4% ýaş ilat bar. Bu maglumatlar ykdysady taýdan ösen ýerlerde ýaşlaryň has köpdügini aňladýar.
Maglumatlar migrantlaryň sanynyň görnetin artýandygyny görkezýär. 2025-nji ýylda 15-24 ýaş aralygyndaky ilatyň içinde nesil şejeresinde migrant ýoklaryň paýy 8,5% bolupdyr. Migranlaryň çagalary bolsa, bu ýaş aralygyndaky ilatyň 12,2 göterimini emele getiripdir. Özleri ýa-da ene-atasyndan haýsydyr biri 1950-nji ýyldan soňra Germaniýa göçüp baran bolsa, migrant maşgaladan hasap edilýär.
Ýewropa Bileleşigi bilen deňeşdirilende, Germaniýanyň ilatynyň arasynda ýaşlaryň sany has az. “Eurostat”-yň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda tutuş Ýewropada ilatyň 10,7 göterimini ýaşlar emele getirýär. Irlandiýa 12,7% bilen öňdeligi eýeleýän bolsa, Daniýa we Niderlandlarda bu görkeziji 12,2%. Iň pes görkeziji Maltada 9,4% bilen hasaba alnypdyr.
1980-nji ýyllarda Germaniýada ýaşlaryň sany rekord derejä çykypdy. 1983-nji ýylda Germaniýanyň ýaşaýjylarynyň 16,7 göterimini 15-24 ýaş arasyndaky ilat emele getiripdi.
PDF








