UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň jogap duşuşyklary geçirildi.

Tapgyryň iň garaşylmadyk netijesi Belgradda hasaba alyndy. Serbiýanyň çempiony “Srwena Zwezda” topary öz meýdançasynda Ysraýylyň “Hapoel Be’er Şewa” toparyndan 2-0 (Zlatanowiç 61, Ist 79) hasabynda asgynda geldi. 1-nji oýunda-da 1-0 hasabynda utulan serb topary ýoluny Ýewropa Ligasynda dowam etdirer.

Azerbaýjanyň çempiony “Sabah” topary öz meýdançasynda Daniýanyň çempiony AGF toparynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol girizdi. 1-nji oýunda 2-1 hasabynda asgyn gelen “Sabah” toparynyň gollaryny Simiç (59), Solwet (67), Mikels (78) hem-de Sewerina (89) öz atlaryna ýazdyrdylar. “Sabah” topary indiki tapgyrda “Hapoel Be’er Şewa” bilen duşuşar.

Gazagystanyň “Kairat” topary edil myhmançylykdaky ýaly öz meýdançasynda-da Bolgariýanyň çempiony “Lewski Sofiýadan” 1-0 hasabynda asgyn geldi (Reinaldo 13). “Lewski” topary pleý-off tapgyrynda Gresiýanyň çempiony AEK bilen duşuşyp, 20 ýyldan soň Çempionlar Ligasyna gatnaşmak üçin göreşer.

Sloweniýanyň çempiony “Selýe” öz meýdançasynda Ermenistanyň “Ararat-Armenia” toparyny oýnuň ahyrlarynda 2 minutda Dukuly (83) we Werbiçiň (85) geçiren gollary esasynda 2-0 hasabynda utup, pleý-off tapgyryna çykmagy başardy. “Selýe” topar 1-nji oýunda 2-1 hasabynda ýeňlipdi.

Slowakiýanyň çempiony, kot-d’iwuarly Ýaýa Tureniň tälim berýän “Slowan Bratislawa” kluby öz meýdançasynda-da Şwesiýanyň çempiony “Mýallbýu” toparyny Kamara (47) hem-de Ýirajangyň (78) takyk urgulary esasynda 2-0 hasabynda ýeňip, pleý-off tapgyrynda “Selýeniň” garşydaşy boldy.

1-nji oýunda jogapsyz 5 gol geçiren “Dinamo Zagreb” myhmançylykda Litwanyň “Kaunas Žalgiris” toparyny 2-1 hasabynda utdy. Horwatiýanyň wekili pleý-off tapgyrynda Norwegiýanyň çempiony “Wiking” bilen duşuşar.

Çempion däl toparlaryň arasyndaky duşuşyklarda “Fenerbahçe” topary myhmançylykda hem “Şturm Grasy” ýeňmegi başardy. Anderson Taliskanyň 66-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly bilen 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Fenerbahçe” topary pleý-off tapgyrynda “Lion” bilen duşuşar. Fransiýanyň “Lion” topary 3-nji saýlama tapgyrynda çehleriň “Sparta Praga” toparyny 3-0 hasabynda ýeňdi. Fransuz klubuna ýeňiş getiren gollary Nuamah (20), Maitland-Naýlz (66) hem-de Morton (72) geçirdi. “Lion” topary 1-nji oýunda 2-1 hasabynda asgyn gelipdi.

Niderlandlaryň çempionatyny 3-nji orunda tamamlan “NEK Niýmegen” topary öz meýdançasynda Gresiýanyň wise-çempiony “Olimpiakosy” ýaryşdan çykardy. Pireýde golsuz geçen oýnuň jogap duşuşygynda NEK goşmaça wagtda 2-1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy (Linssen 70, Emre Mor 95 – El Kaabi 46).

Tapgyryň iň çekeleşikli geçen duşuşygy ýene-de “Bude-Glimt” bilen “Ýunion Sent-Žilluaz” toparlarynyň arasyndaky oýunda hasaba alyndy. Bir hepde öňki oýun 3-3 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Bu gezek toparlar Norwegiýada duşuşyp, ýeňiji goşmaça wagtda belli boldy. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýunda ýer eýeleri Blombergiň 51-nji minutdaky goly bilen öňe saýlansa-da, 62-nji minutda myhmanlar Gillerme-Smitiň goly esasynda hasaby deňledi. 76-njy minutda Piter Haugeniň goly bilen “Bude-Glimt” 2-nji gezek öňe geçdi. Ýöne ýene-de myhmanlar Fuseininiň 88-nji minutdaky boly bilen hasaby deňlemegi başardy. Goşmaça wagtyň tamamlanmagyna 3 minut galanda, has takygy, 117-nji minutda Helmersoniň goly bilen Norwegiýanyň wise-çempiony 3-nji gezek öňe saýlandy. Emma bu gezek myhmanlar hasaby deňläp ýetişmediler we ýaryşdan çykmaly boldular. “Bude-Glimt” topary geçen ýylky ýaly liga tapgyryna çykmak üçin pleý-off tapgyrynda “NEK Niýmegen” toparyny ýeňmeli bolar. Geçen möwsümde taryhynda ilkinji gezek Çempionlar Ligasyna gatnaşan “Ýunion Sent-Žilluaz” topary bu gezek Ýewropa Ligasyna tapgyryna wekilçilik eder.

UEFA Çempionlar Ligasynda final tapgyryna gatnaşjak soňky 7 topary kesgitleýän pleý-off tapgyrynyň 1-nji oýunlary 18-19-njy awgustda oýnalar. Jogap duşuşyklary bolsa 25-26-njy awgustda geçiriler.

27-nji awgustda-da UEFA Çempionlar Ligasynyň 35, umumylykda bu ýaryşyň 72-nji möwsüminde haýsy klublaryň haýsy toparlar bilen duşuşyk geçirjekdiginiň bijeleri çekiler.

 

3-nji saýlama tapgyryň jogap duşuşyklarynyň netijeleri:

Kaunas Žalgiris – Dinamo Zagreb: 1-2 (0-5)

Slowan Bratislawa – Mýallbýu: 2-0 (2-1)

Kairat – Lewski Sofiýa: 0-1 (0-1)

Sabah – AGF: 4-0 (0-1)

Selýe – Ararat-Armenia: 2-0 (1-2)

Srwena Zwezda – Hapoel Be’er Şewa: 0-2 (0-1)

NEK Niýmegen – Olimpiakos: 2-1 g.w. (0-0)

Bude-Glimt – Ýunion Sent-Žilluaz: 3-2 g.w. (3-3)

Şturm Gras – Fenerbahçe: 0-1 (0-2)

Lion – Sparta Praga: 3-0 (1-2)

 

Pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary

Lewski Sofiýa – AEK Afiny

Seltik – LASK

Dinamo Zagreb – Wiking

Slowan Bratislawa – Selýe

Hapoel Be’er Şewa – Sabah

Fenerbahçe – Lion

NEK Niýmegen – Bude-Glimt