Deňiz kenaryna baryp gören bolsaňyz, suw hemişe diýen ýaly birsyhly tolkun atyp durandyr. Bu ýagdaý açyk deňizden öwüsýän ýel sebäpli bolýar. Şeýle-de deňziň suwunyň derejesi hem beýgelip peselýär. Planetamyzyň Aý ýa-da Gün tarapynda suwuň derejesiniň beýgelmek hadysasy bolýar. Bu ýagdaý, esasan, ummanlara birigýän açyk deňizlerde bolýar. Daşgyn we gaýtgyn hadysasy diýilýän suwuň hereketinden irki döwürlerden bäri peýdalanypdyrlar. Ýewropanyň Atlantik ummanynyň kenarynda Orta asyrlarda suwuň hereketi bilen işleýän degirmenler gurlupdyr. Kenarda gurlan howuz suwuň beýgelen wagty dolup, peselende yzyna akyp, degirmeniň çarhyny aýlapdyr. Şeýlelikde, däne üwelip, un taýýarlanypdyr. Şeýle degirmenleriň ilkinjisiniň Demirgazyk Irlandiýada 787-nji ýylda gurlandygy we onda mekgejöwen üwelendigi aýdylýar. Soňlugy bilen şeýle degirmenler köpelipdir. Bug bilen işleýän hereketlendirijileriň peýda bolmagy bilen bu degirmenler hem döwrebaplaşdyrylypdyr. Geçen asyryň ikinji ýarymynda bu degirmenleri elektrik energiýasyny öndürmek üçin peýdalanmak pikiri orta atylýar. 1966-njy ýylda fransuz inženerleri daşgyn we gaýtgyn hereketinden peýdalanýan ilkinji elektrik bekedini gurýarlar. Fransiýanyň demirgazygyndaky Rans derýasynyň deňze guýýan ýerinde gurlan beket hem deňiz suwunyň çekilmegi, hem-de daşgyn we gaýtgyn hadysasy arkaly elektrik energiýasyny öndürýär.
Deňziň aşagynda döreýän tolkunlar hem suwasty turbinalar arkaly energiýa öndürmek üçin peýdalanylýar. Ýewropada 106 ýerde tolkundan energiýa alyp boljak sebit hasaba alnypdyr. Şeýle hem Filippinlerde, Indoneziýada, Hytaýda we Ýaponiýada suwasty turbinalary gurmaga amatly ýerleriň bardygy anyklandy. Bilermenler suw tolkunyndan we akymyndan peýdalanyp gurulýan elektrik beketleriniň geljekde energiýanyň arassa çeşmesini almaga uly mümkinçilik berjekdigini belleýärler.