“Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen yn­san­per­wer ýö­rel­gä­ni özü­niň dur­mu­şa ge­çir­ýän her bir işi­niň esa­sy öze­ni­ne öw­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ugur­da­ky ala­da­la­ry­nyň aý­dyň ne­ti­je­le­ri­ne dur­mu­şymy­zyň äh­li ugur­la­ryn­da göz ýe­tir­ýä­ris. Di­ýa­ry­myz­da kö­çe-ýol he­re­ke­ti­niň asu­da, aba­dan bol­ma­gy üçin dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän aý­na ýa­ly te­kiz ýol­lar çe­kil­ýär we ozal­dan bar bo­lan ýol­la­ryň dur­ky tä­ze­le­nil­ýär, döw­re­bap­laş­dy­ry­lan ýeras­ty ge­çel­ge­ler­dir köp­rü­ler gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Ýol­la­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iş­ler hem ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge mö­hüm go­şant goş­ýar. Olar adam­la­ryň we ulag­la­ryň aky­my­ny ter­tip­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Soň­ky ýyl­lar­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýol­la­ry­myz­da he­re­ket ed­ýän dür­li gör­nüş­li ulag­la­ryň sa­ny hem bar­ha art­ýar. Mu­nuň özi olar bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­le­ri güýç­len­dir­mek, ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­niň pug­ta ber­jaý edil­me­gi­ni ga­zan­mak we­zi­pe­si­ni öň­de goý­ýar. Bu be­lent mak­sat­ly we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len ýur­du­myz­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da her ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy – öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy” ady bi­len bi­raý­ly­gyň yg­lan edil­me­gi bol­sa, mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. He­re­ket howp­suz­ly­gy­nyň bi­raý­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän çä­re­le­re bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da­ky ýa­şa­jyk kör­pe­ler, ki­çi we uly ýaş­ly mek­dep okuw­çy­la­ry has iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Kö­çe-ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ne ba­gyş­lap, açyk sa­pak­lar, dür­li bäs­le­şik­ler, wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Bu çä­re­le­riň esa­sy mak­sat­la­ry­nyň bi­ri hem, ça­ga­la­ryň kö­çe­ler­de we ýol­lar­da howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­niň ka­da­la­ry­ny do­ly we dog­ry ber­jaý et­me­gi­ni ga­zan­mak­dan yba­rat­dyr. Bu bi­raý­ly­gyň sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­ýän­di­gi aý­ra­tyn ma­na eýe­dir. Se­bä­bi to­mus­ky dynç alyş gün­le­ri ta­mam­la­nan­dan soň, ýol­lar­da oku­wa we öý­le­ri­ne how­lug­ýan ça­ga­la­ryň ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ne berk eýer­mek­li­gi­ni üp­jün et­mek jem­gy­ýe­ti­mi­ziň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny, ra­ýat­la­ry­my­zyň asu­da, pa­ra­hat dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len yg­lan edi­len bi­raý­lyk hä­zir­ki gün­ler­de ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­ri­ni gur­şap al­dy. Bu yn­san­per­wer çä­re bi­ziň et­ra­by­myz­da hem gu­ra­ma­çy­lyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. He­re­ket howp­suz­ly­gy­nyň bi­raý­ly­gy­nyň çäk­le­rin­de Içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri bi­len bi­le­lik­de, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri bu mö­hüm çä­rä iş­jeň gat­naş­ýar­lar.
Bu bi­raý­ly­gyň ne­ti­je­li ge­çi­ril­me­gin­de po­li­si­ýa­nyň ýol gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň üs­tü­ne uly jo­gap­kär­çi­lik düş­ýär. Şo­nuň üçi­nem bu gul­lu­gyň iş­gär­le­ri ýol­lar­da aw­tou­lag se­riş­de­le­ri­niň gat­naw­la­ry­na, ola­ryň gu­rat­ly­gy­na, sü­rü­ji­le­riň we py­ýa­da­la­ryň bel­le­ni­len ka­da­la­ry gy­şar­nyk­syz ber­jaý ediş­le­ri­ne gö­zeg­çi­li­gi alyp bar­ýar­lar. Şol bir­wag­tyň özün­de zäh­met to­par­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň, bi­lim ojak­la­ryn­da ki­çi we uly ýaş­ly okuw­çy­la­ryň ara­syn­da gu­ral­ýan wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar­lar. Et­ra­by­myz­da bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň äh­li­sin­de bi­raý­ly­gyň çäk­le­rin­de ýö­ri­te tas­syk­la­nan me­ýil­na­ma esa­syn­da ge­çi­ril­ýän çä­re­ler­de ýol he­re­ke­ti­ne gat­na­şy­jy­la­ryň sä­hel­çe sa­lym­lyk üns­süz­li­gi­niň ýa-da bi­per­waý­ly­gy­nyň ýa­ra­maz ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň dö­re­me­gi­ne se­bäp bo­lup bil­jek­di­gi, şo­nuň üçi­nem is­len­dik gör­nüş­li ýol­lar­da py­ýa­da­lar bi­len sü­rü­ji­niň saz­la­şyk­ly he­re­ket et­me­gi­niň mö­hüm­di­gi ba­ra­da ýaş ne­sil­le­re giň­den wa­gyz edil­ýär. Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ry­nyň ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­na de­giş­li gör­kez­me es­bap­la­ry, dür­li gör­nüş­li oýun­lar bi­len ge­çi­ril­me­gi, olar­da il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň, ýol gö­zeg­çi­li­gi gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň, luk­man­la­ryň we beý­le­ki de­giş­li gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri­niň çy­kyş edip, ber­ýän de­lil­li gür­rüň­le­ri öwüt-ün­dew iş­le­ri­niň tä­sir­li­li­gi­ni has-da art­dyr­ýar.
Türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar ýa­şa­ma­gy, bag­ty­ýar­lyk döw­rün­den ruh­la­nyp iş­le­me­gi, oka­ma­gy, dö­ret­me­gi, aba­dan ýol­la­ry­myz­da asu­da we pa­ra­hat he­re­ke­tiň üp­jün edil­me­gi ug­run­da bi­möç­ber ta­gal­la­la­ry ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň
Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç
et­rap ko­mi­te­ti­niň hü­när­me­ni.