Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man
Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de mil­li me­de­ni mi­ra­sy­my­za, ta­ry­hy­my­za sar­pa goý­mak hem-de çuň­ňur öw­ren­mek, hal­ky­my­zyň mad­dy we ru­hy gym­ma­tyk­la­ry­ny go­rap sak­la­mak ug­run­da uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, soň­ky ar­heo­lo­gi­ýa bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri we öw­re­ni­len et­nog­ra­fi­ýa gym­mat­lyk­la­ry Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zy adam­zat si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň bäş sa­ny mer­ke­zi­niň bi­ri hök­mün­de yk­rar et­mä­ge esas ber­ýär.
Ýur­du­myz ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re diý­seň baý­dyr. Şo­la­ryň bi­ri-de Tä­ze Nu­saý­dan 10 ki­lo­metr tö­we­re­gi uzak­lyk­da ýer­leş­ýän Pa­ryz­de­pe ýa­dy­gär­li­gi­dir. 2016-njy
ýyl­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň
baş­tu­tan­ly­gyn­da Aş­ga­ba­dyň ete­gin­dä­ki Pa­ryz­de­pe ýa­dy­gär­li­gi türk­men alym­la­ry ta­ra­pyn­dan giň­den öw­re­nil­ip baş­lan­dy. Ar­heo­log­la­ryň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu şä­her bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki V müň­ýyl­lyk­da dö­räp­dir hem-de giç­ki or­ta asyr­la­ra çen­li ösü­şi­ni do­wam edip­dir. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Pa­ryz­de­pä­niň çä­gin­de il­kin­ji kä­riz­ler hem gur­lup­dyr. Ýa­dy­gär­li­giň çäk­le­rin­den ta­py­lan küý­ze bö­le­jik­le­ri, gu­ýu­lar ga­zy­lan­da ula­ny­lan gu­ral­lar bu ýer­de eke­ran­çy­ly­gyň giň­den ösen­di­gi­ne, şol san­da çyl­şy­rym­ly su­wa­rym­ly ul­ga­myň bo­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Pa­ryz­de­pä­niň umu­my meý­da­ny 3,2 gek­ta­ra ba­ra­bar­dyr. Ta­pyn­dy­lar IX–X asyr­la­ra de­giş­li bo­lup, ola­ryň ara­syn­da Nu­sa­ýyň ke­ra­mi­ka­sy­na ky­bap küý­ze bö­lek­le­ri duş gel­ýär. 2016-njy ýyl­da ba­şy baş­la­nan Pa­ryz­de­pä­niň yl­my taý­dan öw­re­nil­me­gi hä­zi­re çen­li do­wam ed­ýär. Alym Ar­ka­da­gy­my­zyň:

«Çün­ki Wa­tan söý­gü­si mä­hir bi­len özü­ne dart­ýan ja­dy­ly güýç­dür. Şol güýç bol­sa, yn­sa­nyň kalp päk­li­gi­niň şu ýaý­la­la­ryň ýa­ra­şyk­ly­ly­gyn­da, gaý­ta­lan­ma­jak meň­zin­de gö­ze gö­rün­män ýa­şa­ýan gud­ra­ty­dyr. Bu dag­lar sa­ňa ga­dy­my­ýet­den se­da ge­ti­rip, köň­lü­ňi yl­ham­lan­dyr­ýar. Ol se­da­da, dü­şün­seň, ma­ny­sy öm­rüň bo­ýy çöz­lä­niň­de hem soň­la­nyl­ma­jak syr­ly­lyk hem tä­sin­lik ýa­şa­ýar diý­ýä­rin. Bu­lar ha­kyn­da­ky ro­wa­ýat­la­ry top­la­nyň­da hem, ol tü­ken­mez ha­zy­na ýa­ly­dyr, ýe­ne-de üs­ti baý­la­şar ba­rar» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, ýaş­la­ra wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si­ni ber­mek­de ýur­du­my­zyň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni, şol san­da Pa­ryz­de­pä­ni düýp­li öw­ren­mek hem-de giň­den ýaý­mak mö­hüm­dir.
Bu ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­li­giň go­la­ýyn­da ýa­şa­ýan ýer­li ýa­şu­lu­la­ryň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, Pa­ryz­de­pä­niň çä­gin­de ýe­ras­ty des­ga ýer­le­şip­dir. Ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de anyk­la­ny­şy ýa­ly, ýe­ras­ty des­ga­nyň di­war­la­ry, esa­san, ine­dör­dül gör­nüş­li çig ker­piç­den örü­lip çy­ka­ry­lyp­dyr, em­ma aý­ry-aý­ry bö­lek­le­rin­de bi­şen ker­piç­le­re hem duş gel­mek bol­ýar. Di­war­la­ryň aşa­ky bö­lek­le­ri uly daş­lar­dan örü­lip­dir. Des­ga­nyň gi­rel­ge­si gü­nor­ta-gün­do­gar ta­rap­da ýer­le­şip­dir. Pa­ryz­de­pä­niň çä­gin­de sak­la­nyp ga­lan gö­nü­burç­ly ga­la­nyň yz­la­ry ün­si özü­ne çek­ýär. Mun­dan baş­ga-da, köp­san­ly ma­wy öwüş­gin­le­re bes­le­nen ke­ra­mi­ki be­zeg se­riş­de­le­ri­niň bö­lek­le­ri Sel­juk­lar eý­ýa­myn­da ýa-da on­dan soň­ky dö­wür­de, azyn­dan XV asy­ra çen­li bu ýer­ler­de be­lent bi­na­la­ryň gur­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Pa­ryz­de­pe ýa­dy­gär­li­gin­de ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň do­wam et­di­ril­me­gi ar­heo­log­lar üçin en­çe­me tä­ze­lik­le­ri ge­tir­jek­di­gi şüb­he­siz­dir. Ýa­dy­gär­lik or­ta asyr bi­na­gär­li­gi­niň ösen­di­gi­ni gör­kez­ýär. Di­war­la­ryň aşa­ky bö­lek­le­ri­niň berk­li­gi­ni ga­zan­mak üçin daş­la­ryň örü­len­di­gi­ mu­ňa aý­dyň my­sal­dyr. Oguz türk­men­le­ri­niň beý­le­ki des­ga­la­ryn­da hem bu usul duş gel­ýär. Ola­ryň ga­lyn­dy­la­ry Aş­ga­ba­dyň tö­we­rek­le­rin­de, dag­la­rda we Ga­ra­gu­m­da sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Mu­nuň özi oguz­lar­da daş ga­la­la­ryň bo­lan­dy­gy­ny gör­ke­zip, olar «kent» diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. XX asyr­da Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni, hu­su­san-da, Pa­ryz­de­pä­ni öw­re­nen alym­lar bu ýa­dy­gär­lik­de-de oguz­la­ryň döw­rü­ne mah­sus bo­lan ke­ra­mi­ka önüm­le­ri­niň sak­la­nyp ga­lan­dy­gy­ny bel­läp ge­çip­dir­ler.

Pa­ryz­de­pe özün­de diý­seň gy­zyk­ly ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ry jem­le­ýär. Or­ta asyr gol­ýaz­ma­la­ryn­da­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Mä­ne ba­ba hem Nu­sa­ýa gir­män, uly bol­ma­dyk, em­ma äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan Pa­ryz­de­pe şä­he­rin­de düş­lär eken. Bu şä­her Nu­saý­dan Be­ýik Sel­juk­lar döw­le­ti­niň şä­her­le­ri­ne ug­ra­ýan söw­da ker­wen­le­ri­niň howp­suz­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik et­mek­de mö­hüm we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da Nu­sa­ýa ýa­kyn men­zil Pa­ryz­de­pe bo­lup­dyr. Bu ýer­de ker­wen­ler dynç al­mak ýa-da ze­rur azyk ha­ryt­la­ry­ny edin­mek üçin düş­läp­dir­ler. Ga­la­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri Nu­sa­ýa bar­ýan ker­wen­le­riň berk go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­lup­dyr.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan be­ýik öz­gert­me­le­ri­ni Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man
Ser­da­ry­my­zyň üs­tün­lik­li do­wam et­dir­me­gi ne­ti­je­sin­de, mil­li mi­ra­sy­my­zy, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­mi­zi, me­de­ni­ýe­ti­mi­zi düýp­li öw­ren­mek, go­rap sak­la­mak, şeý­le-de ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­mi­zi di­kelt­mek bo­ýun­ça düýp­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şeý­le müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň,
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li alyp bar­ýan iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Bek­my­rat BEK­JÄ­ÝEW,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 48-nji or­ta mek­de­biň
iň­lis di­li mu­gal­ly­my.