2026-njy ýylda dünýä meşhur suratkeş Pablo Pikassonyň doglan gününiň 145 ýyllygy ýokary derejede bellenilýär. Ol 1881-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-ine Ispaniýanyň günortasyndaky Malaga atly port-şäherinde dünýä inýär. Maşgalada Pikasso dört doganyň iň ulusy bolupdyr. Ol surat mugallymy bolup işlän kakasy Hose Ruis Blaskodan sungata bolan höwesi, çeperçilik usullar hakdaky esasy düşünjeleri alypdyr we tizara bu ugurdan kämilleşip başlapdyr.
Pikasso başlangyç çeperçilik bilimini ýerli sungat mekdebinde alýar. 1895-nji ýylda tutuş maşgalasy bilen birlikde Barselona göçüp baryp, ol ýerde hünärini kämilleşdirmek maksady bilen, 14 ýaşynda La-Lonhanyň nepis sungatlar mekdebine girýär we iki ýyldan soň, 1897-nji ýylda Madriddäki San-Fernandonyň adyny göterýän nepis sungatlar akademiýasyna geçirilýär. Bu ýerde Pikasso bir ýyla golaý okapdyr. Suratkeş okuwyny doly tamamlaman, dünýäniň ençeme şäherlerine syýahat edip başlaýar, belli muzeýlere aýlanýar we gören zatlaryndan täsirlenip, özboluşly suratkeş hökmünde tanalýar.
Pablo Pikassonyň döredijiligi jemi on tapgyra bölünýär: irki döwür (1889-1900 ý.), mawy döwür (1901-1904 ý.), gülgüne döwür (1905-1906 ý.), afrikan döwür (1906-1907 ý.), kubizm döwri (1908-1921 ý.), nusgawy döwür (1917-1925 ý.), sýurrealizm döwri (1925-1937 ý.), uruş döwri (1937-1945 ý.), uruşdan soňky döwür (1946-1954 ý.), giçki döwür (1954-1973 ý.). Bu döwürleriň her birine özboluşly şekillendiriş sungaty usuly we ugurlary mahsusdyr. Pikasso şahsy düşünjelerine daýanyp, sungatda täze-täze duýgulary, täsirleri esaslandyrypdyr, öz eserleri bilen elmydama täzelenip durýan durmuş hakykatyny aňladypdyr. Onuň eserlerinde dürli tekizlikler we geometrik şekiller (ýarym tegelek, tegelek, üçburçluk, gönüburçluk, inedördül, kub we ş.m.) özara kesişipdir. Şeýlelikde, suratkeş jisimiň haýsydyr bir energiýa merkezini, onuň içki many-mazmunyny ýüze çykarypdyr.

Köptaraplaýyn ussat suratkeş Pablo Pikasso XX asyrlaryň reformatory bolmak bilen, çalt depginde täzelenip duran döwür bilen aýakdaş gidipdir. Ol naturalizmiň çäginden çykyp, sungatyň öwrenijilik, akyl ýetiriş wezipesinden el çekipdir. Suratkeşiň eserleri onuň ýaşan döwrüniň häsiýetli aýratynlyklary bilen sazlaşykda pikirleriň hem-de duýgularyň birleşmesinden kemal tapypdyr. Pikassony häzirkizaman şekillendiriş sungatynyň ösüşinde täze akymy döreden uçursyz zehin diýip hasaplamak bolar.
Pablo Pikasso uzak döredijilik ýolunyň dowamynda sungatyň we çeperçilik garaýyşlarynyň esasyny kemala getiren köpsanly açyşlary etdi. Ol ilkinji bolup täze şekilleri döredip, geçmişiň nusgawy şekillendiriş usullaryny ret edipdir. Suratkeş öz eserlerini döretmekde güýjüni hem wagtyny gaýgyrman, tutuş durky bilen işläpdir. 91 ýyl ömür süren suratkeş elmydama kendiriň öňünde zähmet çekipdir. Ol öz döwrüniň ussat suratkeşi bolmak bilen, sungatda täzeçillige ýol açyp, şol döwürdäki kada öwrülen köne garaýyşlara garşy çykypdyr. Onuň döredijiligi tutuş döwri kesgitlän ençeme sungat akymlaryny we çeperçilik ugurlaryny öz içine alýar. Ussadyň eserlerine dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşan suratkeşler öýkünipdirler, onuň pikirlerine eýeren ussatlar ähli döwürlerde hem bar. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýarly Baýramowyň döredijiligi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ussat nakgaşyň köpýyllyk gözlegleriniň netijesinde kemala gelen abstrakt şekillendiriş özboluşlylygy üçin «Baýramowyň çeperçilik akymy» diýlip atlandyrylýar. Ol Pikassonyň yzyny ýöredijileriň biri bolmak bilen, «türkmenleriň Pikassosy» diýlip hem atlandyrylýar. Sebäbi Pikassonyň täsiri astynda türkmen suratkeşiniň döredijilik pikirlenmesi we çeperçilik görüş ukyby özgeripdir. Ýarly Baýramow döwrebap çeperçilik akymynyň ýörelgelerine daýanmak bilen, arassa reňkleri ulanyp, tebigata, adamzat durmuşyna ýüzlenýär. Ol öz eserlerini döretmekde nakgaşlygyň özboluşly güýji bilen utgaşýan çyzyklaryň matematiki takyklygyndan hem-de dogrulygyndan ugur alýar. Onuň köptaraply döredijiligi belli bir serhedi-çägi bolmadyk geljege gönükdirilendir.
Biziň döwrümizde Pablo Pikassonyň döredijiligi has içgin öwrenilip, iň ýörgünli suratkeşleriň biri hökmünde tanalýar.
Onuň döredijiligi ösüp gelýän ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir. Häzirki wagtda ussat suratkeşiň iň naýbaşy eserleri Barselona şäherindäki Pikassonyň muzeýinde saklanýar.
Selim RASULOW,
žurnalist.
PDF








