26-njy awgustda Germaniýanyň Köln şäherinde dünýäniň iň uly wideooýun sergisi öz işine başlap, gatnaşyjylaryň sany boýunça täze rekord goýdy. «Oýunlar geljege bolan gyzyklanmany oýarýar» şygary astynda guralan çärä 350 müňden gowrak adam gatnaşdy. Onuň açylyşyna Ýewropa komissiýasynyň sanly tehnologiýalar boýunça wise-prezidenti Henna Wirkkunen, Germaniýanyň federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer we beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylar gatnaşyp, Ýewropa derejesindäki strategiýalary ara alyp maslahatlaşdylar hem-de pudagyň ösüşine ýokary baha berdiler.
Geçirilen barlaglarda Germaniýada ilatyň boş wagtyny sanlylaşdyrmak meýliniň güýçlenendigi we raýatlaryň 33 göteriminiň hepdede azyndan bir gezek wideooýun oýnaýandygy belli boldy. 2025-nji ýylda Germaniýada oýun bazarynyň, enjamlarynyň we onlaýn-hyzmatlarynyň dolanyşygy 9,4 milliard ýewro ýetip, ozalky ýyl bilen deňeşdirende, 4% artdy. Bu görkeziji arkaly Germaniýa Ýewropada iň uly, dünýäde bolsa bäşinji iri oýun bazary derejesini saklap galdy.
Şeýle-de bolsa, emeli aň ulgamlarynyň ösmegi we maglumat merkezleri üçin çiplere bolan islegiň artmagy sebäpli enjamlaryň bahasy gymmatlady. Netijede, çiplere we enjamlara bolan bahalaryň ýokarlanmagy zerarly, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda pudagyň dolanyşygy 3% azalyp, 4,2 milliard ýewro deň boldy hem-de “Nintendo Switch”, “Xbox” we “PlayStation” ýaly meşhur konsollaryň bahalary ýokarlandy.
Şu ýylky sergide «Nodus Fall», «Rainbow Six: Tactics», «Metro 2039» we «Game of Thrones: War for Westeros» ýaly täze oýunlar hödürlendi. Şeýle hem meşhur «Farming Simulator 25» oýnunyň taslamalaryny taýýarlaýan «Giants Software» kompaniýasy oktýabr aýynda çykjak «Beans & Alpacas» atly täze interaktiw oýnuny görkezdi. Häzirki wagtda Germaniýanyň oýun pudagy 950 kompaniýany özünde jemläp, 12 müňden gowrak adam üçin iş ýerlerini üpjün edýär. Sergi 30-njy awgustda tamamlanýar.
PDF








