Ispaniýanyň paýtagty Madridde sörfingi halaýanlar üçin iri merkez döredilýär. Deňiz kenaryndan ýüzlerçe kilometr uzakda ýerleşýän bu şäherde emeli usulda tolkun döredýän iri suw toplumy gurulýar. «Atlético Madrid» futbol toparynyň stadionynyň golaýynda gurulýan «Gemswell Surf Madrid» atly desga Ýewropanyň iň uly sörfing howzy bolar. Taslamanyň geljek ýylyň başynda ulanmaga berilmegine garaşylýar. Ýalpak howuz her ýylda 500 müňden gowrak myhmany kabul eder. Howuz iki bölekden ybarat bolup, biri höwesjeňler, beýlekisi türgen sörfingçiler üçin niýetlenendir. Howuzda her 8 sekuntda bir gezek täze tolkun dörediler. Bu ýerde ornaşdyryljak tehnologiýa jemi 20 görnüşli tolkun döredip biler. Iň beýik tolkun 2 metre ýeter. Bu ýerde sörfing bilen meşgullanmak isleýänler üçin okuwlar hem guralar. Çagalar 4 ýaşyndan başlap, sportuň bu görnüşini öwrenip bilerler.
Bu ýerde diňe sörfing bilen däl, eýsem, beýleki suw sportlary bilen meşgullanmaga hem mümkinçilik dörediler. Desganyň çäginde ýüzülýän howuz, skeýtbord parky, fitnes merkezi, ýoga salony, restoranlar we beýleki güýmenje merkezleri bolar. Desga bir wagtda 3 müňe golaý myhmany kabul edip biler.
Rüstem Hojanepesow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň uly hasapçysy.
PDF








